Kino sungatynyň abraýly sylaglaryndan hasaplanýan BAFTA baýraklarynyň 77-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Londondaky “Royal Festival Hall” zalynda geçirilen dabarany Dewid Tennant alyp bardy.

Britan film we telewideniýe sungaty akademiýasy tarapyndan berilýän 77-nji BAFTA baýraklarynda iň gowy film diýlip, “Oppenhaýmer” kinosy saýlandy. Geçen ýylyň iň şowly çykan ekran eseri 13 ugur boýunça dalaşgär görkezilip, şolaryň 7-sinde heýkeljige laýyk görüldi. Iň gowy film baýragyndan başga-da kinony surata düşüren Kristofer Nolan iň gowy režissýor baýragyna mynasyp boldy. Filmde surata düşen artistler – Killian Mörfi iň gowy aktýor, Robert Dawni Junior ikinji plandaky iň gowy aktýor diýlip saýlandy. Robert Dawni Junior 31 ýyldan soň 2-nji gezek BAFTA baýragyna mynasyp boldy. Şeýle-de, “Oppenhaýmer” filmi iň gowy operator (Hoýte wan Hoýtema), iň gowy montaž (Jennifer Lame) baýraklary bilen bilelikde, ekran eserindäki ýaňlanýan sazlary düzen Ludwig Goransson iň gowy kompozitor baýragy bilen sylaglandy.

Dabaranyň ikinji iň köp baýrakly kinosy “Görgüli betbagtlar” filmi bolup, gresiýaly režissýor Ýorgos Lantimosyň surata düşüren kinosy 5 ugur boýunça baýrak gazandy. Filmde baş keşbi janlandyran Emma Stoun iň gowy aktrisa baýragyna mynasyp boldy. Filmiň gazanan galan 4 baýragy tehniki ugurlar boýunça bolup, ekran eseri iň gowy grim (Holli Waddington), iň gowy makiýaž we saç bezegi (Nadia Steýsi, Mark Kulier, Joş Weston), iň gowy çeperçilik bezegi (Şona Hit, Jeýms Praýs, Susa Mihalik) hem-de iň gowy wizual effektler (Saýmon Hýuz) baýraklaryna laýyk görüldi. Aýratynam wizual effektler ugry boýunça ýeňiji bolmagy köpler üçin garaşylmadyk waka hasaplanýar.

“Amerikan hekaýasy” filminiň döredijilik işgärleri-de dabaradan 2 baýrak bilen dolandy. Filmde surata düşen Da’Win Joý Rendolf ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýragyny gazandy. Ekran eseriniň iň gowy adaptirlenen ssenariý baýragyny (Kord Jefferson) gazanmagy-da Oskar ugrundaky çaklamalaryň täzeden gözden geçirilmegine sebäp boldy. Sebäbi bu ugurda “Oppenhaýmer” hem-de “Görgüli betbagtlar” filmleri öňde hasaplanýardy. Film iň gowy kasting baýragyna hem laýyk görüldi.

Dabarada iň gowy asyl ssenariý baýragyna “Ýykylmagyň anatomiýasy” filminiň edebi esasyny ýazanlara – režissýory Žýustin Trie bilen Artur Harari laýyk görüldi. Iňlis režissýory Jonatan Gleýzeriň “Gyzyklanma zolagy” filmi iňlis dilinde bolmadyk iň gowy film baýragyna mynasyp boldy. Şeýle-de, iň gowy ses baýragyny hem gazanan kino iň gowy britan film diýlip saýlandy.

Haýao Miýazakiniň animesi “Oglan we guş” iň gowy animasiýa, şol sanda Msyslaw Çernow bilen Rani Aronson-Ratyň bilelikde ekranlaşdyran “20 gün Mariupolda” ekran eseri iň gowy dokumental film baýragyny gazandy.

Ýaş aktrisa Mia MakKenna-Brýus BAFTA ösüp barýan ýyldyz baýragy bilen sylaglandy.

 

77-nji BAFTA baýragynyň ýeňijileri:

Iň gowy film: “Oppenhaýmer” (Oppenheimer)

Iň gowy režissýor: Kristofer Nolan – “Oppenhaýmer” (Oppenheimer)

Iň gowy aktýor: Killian Mörfi – “Oppenhaýmer” (Oppenheimer)

Iň gowy aktrisa: Emma Stoun – “Görgüli betbagtlar” (Poor Things)

Ikinji plandaky iň gowy aktýor: Robert Dawni Junior – “Oppenhaýmer” (Oppenheimer)

Ikinji plandaky iň gowy aktrisa: Da’Win Joý Rendolf – “Amerikan hekaýasy” (American Fiction)

Iň gowy asyl ssenariý: “Ýykylmagyň anatomiýasy” (Anatomie d’une chute) –Žýustin Trie, Artur Harari

Iň gowy adaptirlenen ssenariý: “Amerikan hekaýasy” (American Fiction) – Kord Jefferson

Iň gowy animasiýa: “Oglan we guş” (Kimitachi wa Do Ikiru ka) – Haýao Miýazaki, Toşio Suzuki

Iňlis dilinde bolmadyk iň gowy film: “Gyzyklanma zolagy” (The Zone of Interest) – Jonatan Gleýzer

Iň gowy britan filmi: “Gyzyklanma zolagy” (The Zone of Interest) – Jonatan Gleýzer

Iň gowy kasting: “Amerikan hekaýasy” (American Fiction) – Susan Şopmeýker

Iň gowy operator: “Oppenhaýmer” (Oppenheimer) – Hoýte wan Hoýtema

Iň gowy montaž: “Oppenhaýmer” (Oppenheimer) – Jennifer Lame

Iň gowy saz: “Oppenhaýmer” (Oppenheimer) – Ludwig Goransson

Iň gowy grim: “Görgüli betbagtlar” (Poor Things) – Holli Waddington

Iň gowy makiýaž we saç bezegi: “Görgüli betbagtlar” (Poor Things) – N. Steýsi, M. Kulier, J. Weston

Iň gowy çeperçilik bezegi: “Görgüli betbagtlar” (Poor Things) – Ş. Hit, J. Praýs, S. Mihalek

Iň gowy wizual effektler: “Görgüli betbagtlar” (Poor Things) – Saýmon Hýuz

Iň gowy ses: “Gyzyklanma zolagy” (The Zone of Interest) – Jonni Börn, Tarn Willers

BAFTA ösüp barýan ýyldyz: Mia MakKenni-Brýus