Ýewropadaky iň uly 20 bankyň arassa peýdasy ilkinji gezek 100 milliard ýewrodan geçdi. Göterimiň ýokarlanmagy, banklaryň köpüsiniň rekord peýda görmegine getirdi. Şeýlelikde, 20 Ýewropa bankynyň umumy arassa peýdasy 78 milliard ýewrodan 103 milliard ýewro çykdy. “Bloomberg”-iň maglumatyna görä, sebitdäki maliýe edaralarynyň dörtden üçi rekord derejede peýda gazandy.
Peýdanyň artmagy banklaryň maýadarlara gaýtaryp berýän pulunyň möçberiniň artmagyna we netijede, paýnamalarynyň gymmatlamagyna getirdi. Bu bolsa maliýe edaralaryna bolan ynamy hem berkitdi.
Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi 22 ýyldan bäri umumy pul birligini – ýewrony ulanýarlar. Häzirki wagtda bu pul birligi amerikan dollaryndan soňra dünýäde walýuta hökmünde iň köp peýdalanylýan ikinji pul birligidir.
Gurt Ýolumow, Türkmen dölwet maliýe institutynyň talyby.