24-25-nji aprelde Pariž şäheriniň “Hyatt Regency Etoile” myhmanhanasynda Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara maýa goýum forumy (TEIF 2024) geçiriler. Ol “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri bilen hyzmatdaşlykda “TürkmenForum” hojalyk jemgyýeti we “GaffneyCline” britan kompaniýasy bilen bilelikde guralýar.
“TEIF 2024” maýa goýum forumynyň esasy maksady Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod ýataklary özleşdirmek üçin göni maýa goýumlary çekmek, geljegi uly nebit-gaz ýataklary özleşdirilende innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, “Galkynyş” gaz ýatagyny senagat taýdan özleşdirmegiň nobatdaky tapgyryna girişmek, TOPH gaz geçirijisini gurmak, gazhimiýa zawodlaryny gurmak hem-de metanyň we ugurdaş gazyň zyňyndylaryny azaltmak barada bolar.
Pariž forumynda şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlary bolan gurluşyk we ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky maýa goýum mümkinçiliklerine garalar. “TEIF 2024” maýa goýum forumyna global energetika pudagynyň geljegini kemala getirýän köp sanly iri milli we halkara derejesindäki energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalaryny, halkara guramalarynyň, maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşarlar. Parižde geçiriljek maýa goýum forumy “Ygtybarly, durnukly, ekologiýa taýdan arassa energetika maýa goýum” ady bilen geçiriler. Forumda şu ugurlara üns berler:
• Geljegiň ählumumy energetikasynda Türkmenistanyň eýeleýän orny;
• Türkmen energetika toplumynyň täze maýa goýum mümkinçilikleri: nebit we nebithimiýa;
• Uglewodorod serişdelerini gazyp almakda we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinde metanyň zyňyndylaryny we kömürturşy gazyny azaltmak;
• Türkmenistanyň energetika toplumynda täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we gazy himiýada ulanmak;
• Gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ugurlaryna ünsi çekýän Türkmenistanyň infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmak;
• Arassa energetika we häzirki zaman düzümleýin taslamalaryny ilerletmekde maliýe düzümleriniň tutýan orny.
Maýa goýum forumyna gatnaşjak wekiliýetleriň sanawynda CNPC, BP, Exxon Mobil, Petronas, ADNOC, Mitro International, Buried Hill, NAPECO, Dragon Oil, ENI, Лукойл ýaly iri kompaniýalaryň, Halkara energetika agentligi, Energiýanyň gaýatdan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi, Ählumumy gaz merkezi, Gazy eksport edijileriň maslahaty, Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasy, Energetika hartiýasynyň sekretariaty ýaly degişli iri halkara guramalaryň, BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Aziýa Ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky ýaly düzümleriň wekilleri bar.
Halkara forumyň çäklerinde geçiriljek işewürlik duşuşyklaryna Türkmenistanyň energetika, gurluşyk we ulag-kommunikasiýa toplumlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy maýadarlaryň habarlylygyny ýokarlandyryp, geljegi uly taslamalar barada giňişleýin öwrenmäge mümkinçilik berer.
Doly maglumaty www.ogt-turkmenistan.com web-saýtyndan öwrenip bilersiňiz.