Gözel paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna äleme ýaň saldy. Dünýä giňişliginde ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi, hyzmatdaşlygy we dostlugy dabaralandyrýan başlangyçlar bilen çykyş edýän Bitarap Watanymyzda geçirilen bu iri sport çäresi hem şu gymmatlyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Çünki, bu günki gün sport durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup, parahatçylygy gorap saklamakda we jemgyýetde durmuş hadysalaryny ilerletmekde örän ähmiýetli orny eýeleýär. Bu dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilen hakykatdyr. Sportuň esasy orny bilime, saglyga, ösüşe we parahatçylyga täsir edýän serişde hökmündäki orny BMG-niň 2014-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda agza döwletler tarapyndan kabul edilen Rezolýusiýasynda ýene bir gezek nygtalyp bellenilýär. Rezolýusiýada agza döwletlere sporta 2015-nji ýyldan soň ösüşiň gün tertibi bilen baglylykda garamaga çakylyk beýan edilýär.
Ine, ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň kabul edilmegi bu ýörelgäniň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezdi. Bosgunlar toparyna öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik döredilen Aşgabat Aziadasynyň üstünlikli dowam edýän günlerinde türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ýeňşini – ynsanperwerlige ýugrulan daşary syýasat ugrunyň netijelidigini tassyklaýan bu möhüm resminamanyň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan kabul edilmegi örän guwandyryjy waka boldy.
Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunda möhüm orun eýeleýän, durnukly ösüşiň esasy şerti we düýpli meselesi bolan ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, bosgunlar, raýatlygy bolmadyk adamlar we migrantlar bilen bagly meseleleri çözmäge işjeň gatnaşygy, bu ugurdaky kanunçylyk binýadyň üpjün edilmegi milli Liderimiziň umumadamzat gymmatlyklaryny berkitmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň dünýä giňişliginde uly goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, bu resminamanyň awtordaşy hökmünde BMG-niň agza döwletleriniň 29-synyň çykyş etmegi ýurdumyzyň häzirki ählumumy ynsanperwer meseleleriniň çözülmegine goşýan goşandyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Jarnamada bosgunlaryň 2017-nji ýylyň 17–27-nji sentýabrynda Aşgabatda, Türkmenistanda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik alandygy bellenilip, “Bosgunlar toparynyň sport çärelerine gatnaşmagy tutuş dünýäde umyt-arzuwyň nyşany bolmak bilen, bosgunlaryň häzirki çylşyrymly ýagdaýynyň gerimine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekip hem-de bu meseleleri çözmegiň zerurdygy barada habardarlygy artdyryp biler” diýlip nygtalýar. Jarnamada BMG-niň ähli agza döwletlerini birek-birege hormat goýmagyň we dostlugyň ruhunda bosgunlar toparynyň iri halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy boýunça başlangyçlary goldamaga, şol birwagtda olary amala aşyrmakda kabul edýän ýurtlary höweslendirmäge çagyryş beýan edilýär.
Şu ýylyň aprel aýynda, Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Aziada–2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara kongresde bosgun türgenleriň “Aşgabat 2017”-ä gatnaşmaklarynyň mümkinçilikleri baradaky mesele öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyz sportuň baş maksadynyň parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň ilçisi bolup hyzmat etmekdigini nygtap, öz öňünde parahatçylygyň we öňe gidişligiň bähbidine dünýä ýüzünde sport hyzmatdaşlygyny möhüm maksatlaryň biri hökmünde goýýan Aşgabat Aziadasynda Türkmenistanyň halkynyň olary mübäreklemäge örän şat boljakdygyny belläpdi. “Aşgabat 2017”-niň oýunlaryna bosgunlar toparynyň gatnaşmagy bolsa, aýratyn buýsançly waka boldy.
Ynsanperwer nukdaýnazaryndan adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli öz watanyny taşlamaga mejbur bolan bosgunlaryň sport ýaryşlaryna gatnaşmaklaryna mümkinçilikleriň döredilmegi, hakykatdan-da, gutlanylmaly wakadyr. Bu oňyn ýagdaý BMG-niň esasy halkara-hukuk resminamalaryna – “Bosgunlaryň derejesi hakynda” Konwensiýa hem-de onuň Teswirnamasyna, BMG-niň “Apatridleriň derejesi hakynda”, “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” Konwensiýalaryna goşulan ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna, hormatly Prezidentimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ugurda milli kanunçylyk binýadynyň üsti “Migrasiýa hakynda”, “Raýatlyk hakynda”, “Bosgunlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bilen ýetirildi. Olar bosgunlaryň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk derejesini düzgünleşdirýär, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär.
Bu gün bosgunlar toparyna dünýäniň sport älemi öz gapylaryny giňden açýar. Olaryň Aziýa yklymynyň meşhur türgenlerini özünde jemlän Aşgabat Aziadasyna gatnaşyp, ýaryşlarda öz kärdeşleri bilen bir dogan ýaly bolup, belent ruhda çykyş etmekleri Arkadag Prezidentimiziň dünýä halklarynyň arasynda doganlyk-dostlugyň pugtalanmagy ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň barha rowaçlanýandygyna aýdyň şaýatlyk etdi.
Ogulnabat Saryýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.