Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadyň golaýynda belentligi 200 metre ýetýän depäniň gaýanyň üstünde stadion gurlar. Döwrebap innowasion çözgütleri özünde jemlejek stadionyny gurmak hakyndaky meýilnamany dünýäde bu ugurda öňdebaryjy hasaplanýan “Populous” kompaniýasy mälim etdi. Sport desgasy uly LED displeýli diwara hem-de çeýe gurluşa eýe bolar. 45 müň orunlyk stadion futbol, boks hem-de kibersport ýaryşlaryny geçirmäge niýetlenen bolup, konsertleri we teatr sahnalaryny guramak üçin hem peýdalanylar. Şeýle hem Saud Arabystanynyň ýokary ligasynyň käbir duşuşyklarynyň hem bu ýerde geçirilmegine garaşylýar. Mundan başga-da 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň duşuşyklarynyň hem bu ýerde geçirilmegine garaşylýar. Janköýerler meýdançasyndaky duşuşygy äpet LED diwarynda görerler. Stadionyň üstüne ýagan ýagyş suwy ýerasty howdanda ýygnalyp, serginlediji ulgamda peýdalanylar.

Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy.