UEFA Ýewropa Ligasynda pleý-off tapgyryň jogap duşuşyklary geçirilip, 1/8 finala çykan klublaryň ählisi belli boldy.

Mundan 1 hepde öň öz meýdançasynda 3-0 hasabynda ýeňen “Milana” myhmançylykdaky duşuşyk ýeňil düşmedi. Benžamin Burižo 10-njy minutda tapawutlanyp, ýer eýeleri “Renn” toparyny umytlandyrdy. Ýöne Luka Ýowiç 22-nji minutda geçiren owadan golundan soň hasap deňlenip, milanlylar arkaýynlaşdy. 2-nji ýarymyň başlarynda-da, has takygy, 54-nji minutda penaltini dürs uran Burižo 2-nji gezek toparyny öňe saýlasa-da, 4 minutdan soň Rafael Leaonyň goly bilen “Renn” toparynyň 1/8 finala çykmak umydy hasam azaldy. Emma emin 2-nji gezek penalti urgusyny belledi. Bu gezek hem Burižo het-trigini tamamlap, toparynda täzeden umyt döretdi. Ýöne bu het-trik “Renn” toparynyň 1/8 finala çykmagy üçin ýeterlik bolmady. Netijede, 5-3 ýeňiş gazanan “Milan” 1/8 finala adyny ýazdyrdy.

Başga bir italýan kluby “Roma” hem öz meýdançasynda “Feýenoord” bilen duşuşdy. Duşuşygyň esasy wagtynda 1-nji oýnuň hasaby gaýtalandy (1-1). “Feýenoorddan” Himenesiň 5-nji minutdaky goluna “Roma” 15-nji minutda Pellegrininiň goly bilen jogap berdi. Oýnuň galan minutlarynda, goşmaça wagtda hasap üýtgemedi we penaltileriň netijesinde “Roma” 4-2 ýeňiş gazanyp, 1/8 finala çykdy.

1/8 finalyň bijeleri şu gün 16:00-da çekiler.