Beýik Britaniýada awtobus gatnawlaryny dolandyrýan “First Bus” britan operatory jemgyýetçilik ulaglarynyň gijigip gelmegi bilen bagly meseläni çözmek üçin gatnawlaryň tertipnamasyny düzmekde we ony awtomatiki usulda täzelemekde emeli aň esasly programma üpjünçiligini ornaşdyrdy. BU barada Inc. habar berýär.
-Awtobuslaryň gatnaw rejesini düzmek gaty kyn, sebäbi tutuş Beýik Britaniýada 4 müň awtobusymyz bar we olar günde 16 sagat işleýär. Olary öz wagynda getiräýmek aňsat däl – diýip, “First Bus”-yň täjirçilik müdiri Saýmon Pirson belleýär.
Saýman Pirsonyň sözlerine görä, emeli aň ulanylmazdan öň, awtobuslaryň gatnaw tertipnamasy el bilen düzülip, birgiden wagt alýardy. Aslynda, bu şeýle bir çylşyrymly iş bolansoň, “First Bus”, adatça, gatnawlaryň tertipnamsyny ýylda diňe üç gezek çalşyp bilýärdi. Emeli aňyň hasaplaýyş güýji we öwreniş ukyby kompaniýa tertipnamany ýygy-ýygydan üýtgetmäge mümkinçilik berdi. Emeli aň hatda, ýol dykynlary bolan halatynda tertipnama awtomatiki düzedişleri hem girizip bilýär.
Pirsonyň aýtmagyna görä, täze çeýe tertipnama awtobus sürüjileriniň dartgynlylygyny peseldýär we köplenç, hyzmatlara subsidiýa berýän ýerli häkimiýetler, awtobuslaryň sanyny optimizirlemek arkaly, pul tygşytlap biler. Awtobus hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin niýetlenen “Bus Users” haýyr-sahawat guramasy, tertipnamany düzmek üçin haýsy täze usul ulanylsa, ýolagçylara islendik üýtgeşmeler barada öz wagtynda habar berilmelidigini aýdýar.