UEFA Ýewropa Ligasynda az salym öň 1/8 finalyň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda kubogyň iň esasy dalaşgäri hasaplanýan “Liwerpulyň” bijesine Praganyň “Sparta” topary düşdi. Praga şäheriniň beýleki kluby “Slawiýa” bolsa ýaryşyň faworitlerinden “Milan” bilen bije çekişdi. Çempionlygy barada agzalýan başga bir topar bolan “Baýer” üçin ýeňil bije çykyp, lewerkuzenliler Azerbaýjanyň “Garabag” topary bilen duşuşar. Olar toparçada-da gabatlaşypdylar we Baýer 5-1 hem-de 1-0 hasaplar bilen ýeňipdi.

Duşuşyklar 7-nji we 14-nji martda geçiriler.

 

UEFA Ýewropa Ligasynda 1/8 finalyň bijeleri

“Sparta Praga” – “Liwerpul”

“Marsel” – “Wilýarreal”

“Roma” – “Braýton”

“Benfika” – “Reýnjers”

“Fraýburg” – “West Ham”

“Sporting” – “Atalanta”

“Milan” – “Slawiýa Praga”

“Garabag” – “Baýer”