ABŞ-nyň Los-An­je­les şä­he­rin­dä­ki Get­ti mu­ze­ýi­niň (J. Pa­ul Get­ty Mu­se­um) hü­när­men­le­ri Ga­dy­my Merw­de ta­py­lan V asy­ra de­giş­li Bud­da­nyň heý­ke­li­niň kel­le bö­le­gi­ni go­rap sak­la­mak we di­kelt­mek bo­ýun­ça iş­le­ri­ni do­wam et­dir­mek üçin ýur­du­my­za gel­di­ler. Hü­när­men­ler heý­ke­li di­kelt­mek iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýin­de be­ýa­nat ber­di­ler. Çä­rä köp san­ly köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy.

Bu tas­la­ma Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let mu­ze­ýi bi­len hyz­mat­daş­lyk­da al­nyp bar­lyp, ABŞ-nyň Döw­let De­par­ta­men­ti­niň alyp bar­ýan “Me­de­ni mi­ra­sy go­rap sak­la­mak üçin Il­çi­niň gaz­na­sy” (AFCP) ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ýar.
Bud­da­ny şe­kil­len­dir­ýän ga­dy­my mo­nu­men­tal heý­ke­li re­je­le­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­ler ba­ra­da Get­ti mu­ze­ýi­niň baş re­je­leý­ji­si we ga­dy­my gym­mat­lyk­la­ry go­rap sak­la­mak bö­lü­mi­niň baş­ly­gy Sýu­zan Gen­si­ke, te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça hü­när­men Fa­bio Ko­lom­bo we Ita­li­ýa­nyň Pa­dua uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry, 3D komp­ýu­ter wi­zu­al­laş­dy­ry­şy bo­ýun­ça hü­när­men Ju­zep­pe Sa­le­mi çy­kyş et­mek bi­len tas­la­ma­nyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da nyg­ta­dy­lar. Hü­när­men­ler 3D usu­lyn­da çap et­mek ar­ka­ly Bud­da­nyň heý­ke­li­niň kel­le­si­niň ýi­ti­ri­len bö­lek­le­ri­ni di­kelt­me­gi göz öňün­de tut­ýar­lar. Heý­ke­liň jik­me-jik nus­ga­sy 3D gör­nü­şin­de taý­ýar­la­nyp, mu­nuň üçin örän ta­kyk ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­lar­dan peý­da­la­ny­lar.
Bud­da­nyň heý­ke­li­niň kel­le bö­le­gi­ni öw­ren­mek bo­ýun­ça Get­ti mu­ze­ýi­niň we­kil­le­ri­niň sa­pa­ryň mak­sa­dy Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň hü­när­men­le­ri bi­len al­nyp ba­ryl­jak iş­ler bo­ýun­ça me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak­dan, bu ugur­da tej­ri­be alyş­mak­dan yba­rat. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, ge­çen ýy­lyň iýu­lyn­da Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Döw­let de­par­ta­men­ti­niň «Me­de­ni mi­ra­sy go­rap sak­la­mak ba­ra­da­ky Il­çi­niň gaz­na­sy» at­ly mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de 2021-nji ýyl üçin yg­lan edi­len bäs­le­şik­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň Bud­da­nyň heý­ke­li­niň kel­le bö­le­gi­ni go­rap sak­la­mak we di­kelt­mek bo­ýun­ça hö­dür­län tas­la­ma­sy ýe­ňi­ji hök­mün­de saý­la­nyp­dy. ABŞ-ly hü­när­men­le­riň bu mak­sat­na­ma­nyň çä­gin­de ge­çen ýyl ama­la aşy­ran il­kin­ji iş sa­pa­ryn­da Merw­den ta­py­lan, V asy­ra de­giş­li bo­lan Bud­da­nyň heý­ke­li­niň kel­le bö­le­gi­ni go­rap sak­la­mak we di­kelt­mek üçin ony 3D gör­nüş­de su­ra­ta dü­şür­mek hem-de beý­le­ki en­jam­lar ar­ka­ly do­ly öw­ren­mek iş­le­ri­ne ba­dal­ga be­rip­di.

Bud­da­nyň heý­ke­li ba­ra­da
Bud­da­nyň heý­ke­li­niň kel­le bö­le­gi Türk­me­nis­ta­nyň heý­kel­ta­raş­lyk sun­ga­ty­nyň ta­ry­hyn­da tä­sin yl­my we ta­ry­hy ta­pyn­dy ha­sap­lan­ýar. Merw­den ta­py­lan Bud­da heý­ke­li çig pal­çyk­dan ýa­sa­lan­dyr. Ýa­dy­gär­li­gi öw­ren­mek iş­le­ri 1960 — 1978-nji ýyl­lar­da aka­de­mik Mi­ha­il Mas­so­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Gü­nor­ta Türk­me­nis­tan ar­heo­lo­gik top­lum­la­ýyn eks­pe­di­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýär we ony ar­heo­log-dok­tor­lar Gen­na­diý Ko­şe­len­ko hem-de Za­mi­ra Us­ma­no­wa ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Çig to­ýun­dan gež ga­ryn­dy­sy go­şu­lyp ýa­sa­lan Bud­da­nyň heý­ke­li­niň kel­le­si­niň bö­lek­le­ri­niň kä­bi­ri sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Gež­den edi­len heý­ke­liň ýu­ka­jyk to­ýun gat­la­gy­nyň üs­ti ha­sa bi­len ör­tü­lip ber­ki­di­lip­dir.
On­da bo­ýag gat­la­gy­nyň ga­lyn­dy­la­ry hem bar. Heý­ke­liň kel­le­si­niň ulu­ly­gy 75 san­ti­metr bo­lup, onuň öl­çe­gi­ni na­zar­da tut­mak bi­len, ar­heo­log­lar heý­ke­liň ulu­ly­gy­ny kes­git­läp­dir­ler. Eger ol dik du­ran Bud­da­nyň keş­bi­ni be­ýan ed­ýän bol­sa, onuň uzyn­ly­gy 3 – 5 metr, me­di­ta­si­ýa gör­nü­şin­de otu­ran bol­sa 2,5 met­re deň bo­lar­dy. Bud­da­nyň ýü­zi giç­ki gand­har mek­de­bi­niň däp­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip­dir.

Me­de­ni mi­ra­sy go­rap sak­la­mak üçin Il­çi­niň gaz­na­sy
2001-nji ýyl­da ABŞ-nyň Kong­re­si ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan “Me­de­ni mi­ra­sy go­rap sak­la­mak üçin Il­çi­niň gaz­na­sy” at­ly hal­ka­ra mak­sat­na­ma ösüp bar­ýan ýurt­lar­da me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri we ta­pyn­dy­la­ry, şeý­le hem halk sun­ga­ty­nyň däp bo­lan beý­le­ki gör­nüş­le­ri­ni go­rap sak­la­ma­gy ma­li­ýe­leş­dir­ýär. Me­de­ni mi­ras bü­tin adam­za­dyň ta­ry­hy wa­ka­la­ry we me­de­ni­ýe­te go­şan go­şant­la­ry ba­ra­da ýat­lat­ma hök­mün­de hyz­mat ed­ýär. Esas­la­nan wag­tyn­dan bä­ri bu mak­sat­na­ma­nyň üs­ti bi­len dün­ýä­niň 130 ýur­dun­da me­de­ni mi­ra­sy sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len 1000-e go­laý tas­la­ma ma­li­ýe­leş­di­ril­di.
Şu gü­ne çen­li AFCP Türk­me­nis­tan­da 32 sa­ny tas­la­ma üçin, 2 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ryn­dan gow­rak möç­be­rin­de ma­li­ýe baý­rak­la­ry­ny gow­şur­dy. Şeý­le­lik bi­len, Türk­me­nis­tan AFCP baý­rak­la­ry ba­bat­da Gü­nor­ta we Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de bi­rin­ji or­ny eýe­le­ýär. Bu tas­la­ma­lar Türk­me­nis­tan­da­ky ta­ry­hy taý­dan äh­mi­ýet­li me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni we ta­pyn­dy­la­ry di­kel­dip go­rap sak­la­ma­ga gö­nük­di­ril­di.