Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­my ös­dü­ril­ýär we kä­mil­leş­di­ril­ýär. Döw­let Baştutanymyz ne­sil­le­riň kä­mil ylym-bi­lim, edep-ter­bi­ýe alyp, Wa­ta­ny­my­za, il-gü­nü­mi­ze hyz­mat et­me­gi üçin äh­li ze­rur şert­le­ri dö­red­ýär. Türk­men hal­ky­ny dün­ýä ta­na­dan akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň öw­re­nil­me­gi gaý­ta­lan­ma­jak şah­sy­ýet­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ne ser sa­la­nyň­da, şa­hy­ryň ada­myň dur­mu­şy bi­len bag­ly ýüz­len­me­dik te­ma­sy ýok­dur. Çün­ki akyl­dar şa­hy­ryň dö­re­den eser­le­ri­niň hem­me­si söz üs­ti bi­len be­ýan edil­mek­den baş­ga-da, her bir aý­dyl­ýan sö­züň ga­dyr-gym­ma­ty ba­ra­da hem aý­ra­tyn du­rup geç­ýär:
Söz­lär bol­saň, söz as­ly­na ýet ýag­şy…
ýa-da,
Mag­tym­gu­ly, sö­züm gys­ga şer­hi köp…
Dün­ýä­de nä­çe adam bar bol­sa, şon­ça-da aň taý­dan ösen dür­li pi­kir­ler bar­dyr. Mu­ny söz us­sa­dy «Gol­da ba­ry bol­ma­sa» di­ýen şyg­ryn­da ýer­lik­li bel­läp geç­ýär:
Dün­ýä­de aň­lar­dan aň­la­maz kän­dir,
Bil­mez bir be­la­dyr, bi­len­ler-jan­dyr,
Ol ýi­git­ler adam til­li haý­wan­dyr,
Söz aň­ma­sa hem yk­ra­ry bol­ma­sa.
ýa-da:
Mag­tym­gu­ly, ýol­dan çyk­maz,
Ýa­mana ýag­şy söz ýak­maz,
Müň söz aýt­saň, bi­ri ýok­maz,
Taň­ry­sy guý­man ýi­gi­de.
Söz us­sa­dy­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy hem öz dö­re­di­ji­li­gin­de ata­lar sö­zü­ni, na­kyl­la­ry, çe­per­çi­lik se­riş­de­le­ri­ni us­sat­lar­ça ula­nyp, az söz­de çuň ma­ny aň­lat­ma­gyň nus­ga­sy­ny bi­ze mi­ras go­ýan be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň bi­ri­dir:
Mag­tym­gu­ly, öwüt ber­gin söz bi­len,
Eşi­den deň bol­maz gö­ren göz bi­len…
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ryn­da şa­hy­ryň sö­ze, söz­le­mek ede­bi­ne bo­lan ga­raý­şy, bu me­se­le­de türk­men hal­ky­nyň mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gy örän aý­dyň gö­rün­ýär:
Nep al­ma­ýan kişi söz­den, öwüt­den,
Enaý­ly­gy ýok­dur gu­ry sö­wüt­den…
ýa-da:
Mag­tym­gu­ly, ak­ly bo­lan söz ke­ser,
Söz di­ýiň­ler, er­se ol ne­jis öser,
Kim bi­ler, ol när­se dün­ýä­ni ba­sar,
Köp­ler na­mut bo­lar je­set­de jan­dan.
Şa­hyr söz ma­ny­sy­ny aň­ma­ýan­la­ry, di­le düş­mez­le­ri, ne­si­hat ýok­maz­la­ry gu­ry sö­wü­de, peý­da­sy deg­me­ýän da­rag­ta de­ňe­ýär. Bu ha­ky­kat­dan hem şeý­le. Jem­gy­ýet­de her bir ada­ma söz ma­ny­sy­ny aňy­şy­na, aky­ly­na, gep ur­şu­na gö­rä ba­ha be­ril­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­myz ada­my gep ur­şun­dan ta­nar eken­ler.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni söz bi­len be­ýan et­me­giň çä­gi ýok. Şo­nuň üçin şa­hyr şy­gyr­la­ry­nyň ara­syn­da aý­dyl­ýan söz­le­riň se­tir­ler­de be­ýan edip bol­ma­ýan­dy­gy­ny şeý­le bel­le­ýär:
Joş­gun gel­di, het­dim ýar­dy, söz aş­dy,
Bu ýol­lar­dan dog­ry ba­ran düz aş­dy,
Bi­hu­da imes­dir öm­rüň gü­zeş­ti,
Her çäş­ti­ňe bir gü­nü­ňi sa­tar sen.
Şeý­le hem be­ýik söz us­sa­dy­nyň söz bi­len bag­la­ny­şyk­ly dö­re­den şy­gyr­la­ry­nyň ara­syn­da esa­sy öňe saý­la­na­ny az­ söz­lü­lik bo­lup dur­ýar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy az we saz söz­le­me­giň ta­rap­da­ry bo­lup­dyr:
Ak­lyň bol­sa mä­re­ke­de az söz­le,
Köp söz se­ni il için­de har eý­lär…
Az­ söz­lü­lik bi­len bir ha­tar­da be­ýik söz us­sa­dy­myz dog­ry ­söz­lü­li­gi, hoş­ söz­lü­li­gi hem ün­däp­dir:
Hoş sö­züň diý, gah­ryň giz­le,
Söz­lä­bil­seň, ýag­şy söz­le…
Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň dö­re­di­ji­li­gi­niň ga­dyr-gym­ma­ty wagt geç­di­gi­sa­ýy bar­ha be­len­de gal­ýar. Mu­ny şa­hy­ryň şu aşak­da­ky se­tir­le­ri su­but ed­ýär:
Mag­tym­gu­ly, söz­le her­ne bi­le­niň,
Özü­ňe kem­lik bil aýt­man öle­niň,
Ta­raş­lap şag­lat­gyn köň­le ge­le­niň,
Sen­den soň­ku­la­ra ýa­dy­gär bo­lar.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň söz us­sat­ly­gy, türk­men dur­mu­şy­nyň en­sik­lo­pe­di­ýa­sy ha­sap­lan­ma­ga do­ly my­na­syp­dyr.

Mu­ham­met Gel­di­ýew,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň türk­men di­li ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my.