Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işini ýokary derejede alyp barmak ugrunda tagalla edilýär.
Ýokary tehnologiýalar ornaşdyrylan ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek ýol hereketine gatnaşýan pyýadalaryň we ähli sürüjileriň borjudyr. Şonuň üçin sürüjileriň hem, pyýadalaryň hem ýollarymyzyň hadysasyz bolmagy üçin ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegi gerekdir. Ýol hereketinde sürüjiler hem, pyýadalar hem jogapkärli hereket etmeli bolýarlar. Sebäbi ýoldaky howpsuzlyk pyýadalaryň we sürüjileriň edýän umumy tagallalaryna baglydyr. Bu tagallalar birleşip, her bir sürüji we pyýada hereket howpsuzlygyny berjaý etse, onda ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagy üçin uly mümkinçilik döreýär. Şu maksat bilen edara-kärhanalarda zähmet çekýän, orta we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ähli adamlar bilen düşündiriş we wagyz işleri yzygiderli guralýar. Şeýle täsirli maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri ýaş nesillerimiziň ýol hereketi baradaky düşünjeleriniň has-da çuňlaşmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzda ynsan saglygyny, howpsuzlygyny gorap saklamak üçin uly tagalla edilýär. Ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetiniň pyýadalar we sürüjiler tarapyndan doly berjaý edilmegi möhümdir. Ulag serişdeleriniň sanynyň artmagy ýol hereketiniň gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde möhüm işler alnyp barylýar. Ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi diňe bir degişli gulluklara bagly bolman, eýsem, her bir raýatyň borjy bolup durýar.
Herekete gatnaşmak öýümizden daşaryk çykanymyzda ilkinji ädimlerimizden başlanýar. Çagalarymyza ýoluň ugrundaky pyýadalar üçin ýörelýän ýerlerde, pyýada geçelgelerinde, dükanlaryň we awtoduralgalaryň töweregindäki hereket edýän awtoulaglardan, esasan hem, düzgünleşdirilmeýän pyýada geçelgesinden geçenlerinde, golaýlaşyp gelýän awtoulagdan ägä bolmaklaryny berk tabşyrmalydyrys.
Çagalar jemgyýetçilik ulaglaryna münenlerinde, howlukman, ulag doly durandan soňra münmelidir hem-de ulaglaryň awtomatik usulda açylyp-ýapylýan gapylaryna golaý durmaly däldir. Jemgyýetçilik ulagyndan düşenlerinden soň ulagyň öň tarapyndan geçmek nädogrudyr. Çagalara pyýada geçelgeleri aňladýan ýol belgilerini düşündirmeli. Ýol belgileri, ýerasty, ýerüsti pyýada geçelgeleri howpsuz hereket etmek üçin döwletimiz tarapyndan döredilen oňaýly şertlerdir.
Ýol hereketiniň kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek, şeýle hem ünsli we seresap bolmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Çünki, ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygydyr, maşgalalarymyzyň abatlygydyr.
Ýalkap HUDAÝBERDIÝEW,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap polisiýa bölüminiň Polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.