ABŞ 1972-nji ýyldan soňky ilkinji Aý missiýasyny amala aşyrdy. 23-nji fewralda “Intuitive Machines” kompaniýasy tarapyndan öndürilen amerikan “Nova-C” moduly Aýyň ýüzüne üstünlikli gondy. Bu waka ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugynyň (NASA) web sahypasynda göni ýaýlymda görkezildi. NASA-nyň habaryna görä, “Odysseus” atly pilotsyz modul, Aýyň günorta polýusynyň golaýyna gondy. “Odysseus” NASA-nyň ylmy we beýleki täjirçilik ýüklerini Aýa eltdi. Agramy 1,9 tonna barabar bolan “Nova-C” moduly NASA-nyň Florida ştatynda ýerleşýän Jon Kennedi adyndaky kosmos merkezinden “SpaceX” kompaniýasynyň “Falcon 9” raketasy bilen uçuryldy. Missiýanyň ylmy maksatlary, Aýyň üstki gatlagyny we howasyny öwrenmekden ybaratdyr.
Modul Aýa gonandan soň, hünärmenler toparyna enjam bilen aragatnaşygy ýola goýmak üçin, takmynan, 10-15 minut gerek boldy. “Intuitive Machines”-iň başlygy Stiw Altemus Aýa gonuşyň şowly bolandygyny habar berdi. Kompaniýada belleýişleri ýaly, Aýyň üstüne iberilen ýük “pilotirlenýän missiýa we Aýyň üstünde adamzadyň durnukly bolup bilmegi üçin” esas döredýär. Mundan başga-da, bu uçuşyň ilkinji gezek hususy kompaniýa tarapyndan amala aşyrylandygyny habar berilýär.
Bu amerikan kosmos gämisiniň 50 ýyldan gowrak wagtdan soň ilkinji gezek Ýeriň tebigy hemrasyna gonmagydyr. ABŞ-nyň Aýa gonmak boýunça iň soňky missiýasy 1972-nji ýylyň dekabrynda “Apollon 17” arkaly amala aşyrylypdy.
Bu uçuş NASA-nyň ýylyň başyndan bäri Aýa gonuş modulyny ugratmak boýunça ikinji synanyşygydyr. 8-nji ýanwarda Amerikanyň “United Launch Alliance” kompaniýasy Keýp Kanaweral (Florida) burnundaky kosmodromdan “Peregrine” gonuş moduly berkidilen “Vulcan” göteriji raketasyny uçurdy. Göteriji raketadan bölünenden birnäçe sagat soň modulda näsazlyk ýüze çykypdy. Hünärmenler hereketlendirijide näsazlyk dörändigini we emele gelen ýagdaýyň Aýa gonmaga mümkinçilik bermändigini habar berdiler. 10 günden soň enjam Ýeriň atmosferasynyň dykyz gatlaklarynda ýandy.
Indi “Intuitive Machines” kompaniýasy mart aýynda ikinji gonuş modulyny, iýun aýynda bolsa, üçünji gonuş modulyny Aýa uçurmagy meýilleşdirýär.