Saud Arabystanynda we Birleşen Arap Emirliklerinde meýilleşdirilýän täze gurluşyk taslamalary sebäpli Ýakyn Gündogar dünýäniň iň beýik binagärlik desgalarynyň reýtinginde öňdebaryjy orunlary eýelemäge golaýlaşýar. Şunlukda, «Jeddah Tower» hem-de «Burj Azizi» binalary meýilleşdirilen beýiklikde gurlup ulanyşa berlen ýagdaýynda, häzirki wagtda liderligi saklaýan Dubaýyň «Burj Halifa» binasy bilen birlikde dünýäniň iň beýik üç desgasynyň hataryna girer. Bu bolsa öz gezeginde Malaýziýanyň «Merdeka 118» hem-de Hytaýyň «Şanhaý» diňini ilkinji üçlükden çykarmaga mümkinçilik berer.

Saud Arabystanynda Gyzyl deňziň ýakasynda guruljak «Jeddah Tower» binasynyň taslama beýikligi bir kilometrden hem geçip, ol adamzat taryhynda müň metr belentlikden aşjak ilkinji bina bolar. Şunlukda, ol 2010-njy ýylda açylanyndan bäri 828 metr beýikligi bilen dünýäniň iň beýik binasy diýen ady saklap gelýän «Burj Halifadan» hem öňe geçer.

Öz gezeginde, Dubaýyň Şeýh Zaýed köçesinde gurluşygy meýilleşdirilýän «Burj Azizi» binasynyň beýikligi 725 metre deň bolar. «Jeddah Tower» taslamasy doly tamamlananyndan soňra, bu bina dünýäde üçünji orny eýelär.

Şeýlelikde, täze reýtingde «Jedda Tower» birinji, «Burj Halifa» ikinji we «Burj Azizi» üçünji orny eýeläp, Ýakyn Gündogara dünýäniň iň beýik binalarynyň ilkinji üçlüginde doly üstünlik gazanmaga şert döreder.