UEFA Çempionlar Ligasyna ilkinji gezek gatnaşýan Azerbaýjanyň “Sabah” topary ilkinji ýeňşini gazandy. Öz meýdançasynda “Slawiýa Praga” bilen duşuşan “Sabah” topary 2-nji ýarymyň başynda hem-de ahyrynda geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda üstün çykdy. Aerbaýjanlylara ýeňiş getiren gollary 49-njy minutda Kahim Parris bilen 88-nji minutda Joý-Lans Mikkels geçirdi. “Slawiýa Praga” topary Çempionlar Ligasynda soňky gezek 2007-nji ýylyň sentýabrynda ýeňiş gazanypdy. Taryhynda 4-nji gezek gatnaşýan “Slawiýa” 21 oýundan bäri ýeňiş gazanmak başardanok.

Geçen möwsümiň finalçysy “Arsenal” Londonda “Lill” toparyny 3-0 hasabynda ýeňdi. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýunda londonlylar 7 minutda 3 gol geçirdi. Topçulara bassyr 2-nji oýunda ýeňiş gazandyran gollary Ýurien Timber 64-nji, Ezekel Eze 67-nji hem-de Bukaýo Saka 71-nji minutlarda öz atlaryna ýazdyrdylar.