Geçirilen barlaglarda maşk etmegiň erkeklere garanyňda zenanlara has köp peýdalydygy ýüze çykaryldy. Lukmanlar fiziki işjeňligiň näderejede täsir edýändigini bilmek üçin 1997-2017-nji ýyllar aralygynda geçirilen barlaglary seljerdiler. Jemi 412 müňden gowrak adamyň maşk hereketleri öwrenilipdir. Netijede, erkekleriň maşkyň peýdaly täsir etmegi üçin zenanlara görä has köp hereket etmeginiň zerurdygy anyklandy. Lukmanlar aýal-gyzlaryň hepdede 140 minutlyk orta we agyr maşkynyň erkekleriň 300 minutlyk maşky bilen deňeçerdigini anykladylar. Geçirilen ylmy-barlag barada «Journal of the American College of Cardiology» žurnalynda makala çap edildi.
Enebaý MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.