Her ýylda müňlerçe daşary ýurtly okamak, işlemek, bu ýurda hemişelik ýerleşmek üçin Kanada barýar. Munda ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatly bolmagynyň we migrantlara köp mümkinçiligiň döredilmeginiň täsiri uludyr. Emma bu ýagdaý ýurtda gozgalmaýan emlägiň bahasynyň galmagyna sebäp bolupdyr. Ýurduň Wankuwer şäherinde hem ýaşaýyş jaýlarynyň satyn alyş nyrhy hem-de kärende tölegleri gymmatlapdyr. Bu iri şäherde okaýan Tim Çen atly talyp kärendesine ýaşaýan otagynyň bahasy gymmatlansoň, okuwa öz öýünden – 430 kilometr uzaklykdaky Kalgari şäherinden gatnap başlapdyr. Çen okaýan şäherinde kärendesine bolýan otagynyň aýlyk töleginiň 2 müň 500 dollara çykandygyny belleýär. Şeýle bolansoň ol öz maşgalasynyň ýaşaýan şäherine uçar bilen gatnap başlapdyr. “CTV News” teleýaýlymyna interwýu beren Çen hepdede iki gün okuwynyň bardygyny, gidiş-gaýdyş bileti üçin 150 dollar töleýändigini, munuň bolsa aýda 1200 dollar bolýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä uçar petegine töleýän puly otagynyň kärende pulunyň ýarysyndan hem az. Ol okuw gutarandan soňra awtobus bilen aeroporta, ol ýerdenem ýaşaýan şäherine gaýdýandygyny belleýär. Çen ýokary okuw mekdebiniň soňky ýylynda okaýandygyny, maý aýynda uçurym bolýandygyny aýdýar.