Italiýanyň Sardiniýasyndaky naharhanalarda maşgalalara stol başynda telefon ulanmak gadagan edildi.

“The Guardian” neşriniň ýazmagyna görä, Sardiniýanyň çagalaryň hukuklary boýunça wekili Anna Kau «Stol başynda ekransyz» atly bu başlangyja ýolbaşçylyk edýär. Ýagny maksatnama gatnaşýan 15 sany restoranyň islendiginde ene-atalara we olaryň çagalaryna stol başynda el telefony aýyrmak borçly edilýär.

Maşgalalar el telefonlaryny restoranlaryň degişli bölümine tabşyranlaryndan soňra olara oýunlardan hem-de suratlardan ybarat bolan «birleşmek üçin ýygyndy» gowşurylar. Ol 18 ýaşa çenli çagalara ene-atalary bilen gürrüňdeş bolmaga ýardam etmek maksady bilen Italiýanyň pediatrlar federasiýasy tarapyndan düzüldi. Oňa görä, çagalar öz ene-atalaryna günüň dowamynda başdan geçiren wakalaryny gürrüň berip bilýärler.