1870-nji ýylyň 27-nji fewralynda Ýaponiýanyň häzirki baýdagy ilkinji gezek söwda gämileriniň milli baýdagy hökmünde kabul edildi. Ak baýdagyň ýüzünde gyzyl reňkli tegelek şekil bar. Baýdagyň ýaponçadaky resmi ady Nisshōki diýlip atlandyrylyp, “Gün baýdagy” diýmegi aňladýar. Şeýle-de bolsa, “Günüň dogýan ýurdunyň” baýdagyna “Hinomaru”, ýagny “Günüň topy” diýilýär. Täsin ýeri, 1999-njy ýylyň 13-nji awgustynda Milli baýdak we sene kanuny kabul edilip, bu baýdak ýurduň milli baýdagy hökmünde kabul edilýär. Şoňa çenli ýurduň milli baýdagy barada hiç hili kanun ýokdugyna garamazdan, bu baýdak ýurduň milli baýdagy hökmünde ulanylýar.