Kenarýaka futboly boýunça erkekleriň arasynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen 12-nji Dünýä çempionaty tamamlandy. 16 ýygyndynyň gatnaşan çempionatynda Braziliýanyň ýygyndysy çempion boldy. Sambaçylar finalda Italiýanyň ýygyndysy bilen duşuşyp, garşydaşyny 6-4 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Brazillere çempionlyk getiren gollaryň 3-sini Rodrigo (12, 19, 29), beýlekileri-de Bruno Hawier, Jenowali (23 ö.d.) hem-de Brendo (27) geçirdi. Italýanlardan Jenowaliniň (4, 33) hem-de Fazzininiň (19, 27) gollary ýeňşe ýetmedi. Şunlukda, Braziliýanyň ýygyndysy 7 ýyllyk arakesmeden soň 6-njy çempionlygyny baýram etdi. Bu ugurda öňde barýan Braziliýanyň ýygyndysy mundan öň 2006-njy, 2007-nji, 2008-nji, 2009-njy ýyllarda bassyr 4, şol sanda 2017-nji ýylda çempionlyk gazanypdy.

Italiýanyň ýygyndysy 2008-nji we 2019-njy ýyllardan soň 3-nji gezek finalda asgyn geldi. Italiýanyň ýygyndysy 2015-nji we 2017-nji ýyllarda 4-nji ýeri eýeläpdi.

Bürünç medal ugrundaky duşuşykda-da Eýranyň ýygyndysy Belarusuň ýygyndysyndan 6-1 hasabynda üstün çykyp, 2017-nji ýyldan soň 2-nji gezek 3-nji orna mynasyp boldy.

Eýranyň ýygyndysy ýarym finalda 2-0 öňe saýlanandygyna garamazdan, Braziliýadan 3-2 hasabynda üstün çykdy. Belarusuň ýygyndysy Italiýa bilen 3-3 deňme-deň oýnap, penaltileriň netijesinde 5-4 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Çempionatyň iň ökde oýunçysyna berilýän “Altyn top” baýragy italiýaly Ýosep Juniora berildi. “Kümüş top” braziliýaly Maurisinio berlen bolsa, “Bürünç top” baýragyna belarusly Igor Briştel laýyk görüldi. Belarusly hüjümçi 12 gol geçirip, çempionatyň “Altyn butsy” baýragy bilenem sylaglandy. Braziliýaly derwezeçi Tiago Bobo bolsa “Altyn ellik” baýragyna laýyk görüldi.