Feleti Teo ýurduň ählumumy saýlawlaryndan bir aý soň Tuwalunyň täze Premýer-ministri wezipesine bellendi. Bu barada ýurduň ýerli habar beriş serişdeleri mälim etdi.
Hökümetiň döwlet sekretary Tufua Panapanyň sözlerine görä, jenap Teo täze hökümet Başlygy wezipesine saýlandy. Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Ministrler Kabineti ýakyn günlerde meýilleşdirilýän kasam kabul ediş dabarasynda tassyklanar.
Günbatar we Merkezi Ýuwaş umman balykçylyk boýunça komissiýasynyň öňki baş müdiri F. Teo ýurduň baş prokurory wezipesinde işlän ilkinji tuwalualydyr.
Tuwalu – Polineziýanyň ýuwaş ummany döwletidir. Tuwalu 5 atollda we Tuwalu arhipelagynyň 4 adasynda ýerleşýär. Adalar 350 kilometrden gowraga uzaýar, goňşy adalaryň arasyndaky aralyk 50-den 100 kilometr aralygy. Gury Ýeriň umumy meýdany 26 km². Ýurtda 11 müňden gowrak ilat ýaşaýar. Ýurduň paýtagty Funafuti şäheridir.