26-njy fewralda Wengriýanyň parlamenti soňky wagtlar Konstitusiýa kazyýetiniň başlygy bolup işlän Tamaş Şuýoky ýurduň täze Prezidenti wezipesine saýlady. Ol 10-njy fewralda wezipesinden çekilen Katalin Nowagyň ýerine döwlet Baştutany boldy.
Täze Prezidentiň saýlanmagy, ýazky sessiýanyň birinji gününde geçirildi. 67 ýaşly Şuýokyň dalaşgärligini dolandyryjy partiýalar “FIDES – Wengriýanyň raýat bileleşigi” we olaryň kiçi hyzmatdaşlary – parlamentdäki 199-dan 135 orny eýeleýän hristian demokratlar koalisiýasy teklip etdi. Ses berişlikde hökümete tarapdar wekilleriň ählisi birinji tapgyrda Şuýoky makullap, onuň ýeňşini üpjün etdiler.
Milletçi “Biziň Watanymyz” partiýasyndan diňe bäş deputat Şuýokyň dalaşgärligine garşy ses berdi. Deputatlaryň 134-si Şuýoky goldady, 5-si garşy çykdy, galanlary hem gatnaşmady.
Esasy Kanuna laýyklykda, Şuýok kasam kabul edip, gysga wagtda wezipesine girişmeli bolar. Oňa çenli ýurduň Prezidentiniň wezipelerini parlamentiň başlygy Laslo Kýower ýerine ýetirer. Şuýok bäş ýyl möhlet bilen Pezident saýlandy we kanuna laýyklykda, ýene-de bir möhlete gaýtadan saýlanyp bilner.
Şuýok 1956-njy ýylda doguldy we 1980-nji ýylda Segedsk uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlady. Soňra hukuk işleri bilen meşgullandy, dürli hukuk edaralarynda işläp, konstitusiýa hukugy boýunça ylmy işleri ýazdy. 2013-nji ýylda Segedsk uniwersitetinde hukuk meseleleri boýunça doktorlyk dissertasiýasyny gorady. 2014-nji ýylda Konstitusiýa kazyýetiniň agzalygyna saýlanyp, bir ýyldan soň onuň başlygy boldy. Şuýokyň iki uly ýaşly çagasy bar.
Wengriýanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklary çäkli bolup, esasan, kanunlara gol çekýär, saýlawlaryň senesini kesgitleýär, kazylary belleýär. Wengriýa parlament Respublikasy bolup, esasy güýç Premýer-ministriň we hökümetiň ygtyýaryndadyr. 2004-nji ýyldan bäri Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan Wengriýa Respublikasynda 10 milliona golaý adam ýaşaýar. Ýurduň paýtagty Budapeşt şäheridir.