2024-nji ýylda dünýäniň iň “güýçli” pasportlarynyň sanawynda Birleşen Arap Emirlikleriniň pasporty ilkinji orny eýeledi. Bu barada “Henley Passport Index” edarasy habar berýär. BAE-niň raýatlary 179 ýurda wizasyz baryp bilýärler, şeýle hem baryp düşensoňlar wiza, eTA we elektron wiza alyp bilýärler.

Ikinji orny 177 bal bilen Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Niderlandlar we Ispaniýa paýlaşdy.

Üçünji orunda (176 bal) Şwesiýa, Finlýandiýa, Lýuksemburg, Awstriýa we Şweýsariýa bar.

Sanawda soňky orunlary Siriýa (93-nji orun), Owganystan (92-nji orun) we Yrak (91-nji orun) eýeledi.

Umuman bu sanawa BMG-ä agza bolan 193 ýurduň 199 pasporty, şeýle hem, Watikan we öz pasportlary bolan sebitler (Taýwan, Makao, Gonkong, Kosowa we Palestina) gatnaşdy.