ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden we ABŞ-nyň öňki lideri Donald Tramp öz partiýalarynyň Miçiganda geçirilen saýlawlarynda ýeňiş gazandylar. Bu barada CNN habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Tramp 68,2% sese, ABŞ-nyň BMG-däki öňki wekili Nikki Heýli diňe 26,5% ses eýe boldy. Şol bir wagtyň özünde Nikki Heýli CNN telekanalyna beren interwýusynda saýlaw kampaniýasyndan çykmajakdygyny we Respublikan partiýadan prezidentlige dalaşgär hökmünde öz göreşini dowam etdirjekdigini aýtdy.
Şeýle-de, ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Miçiganda geçirilen Demokratik partiýanyň dalaşgärleriniň deslapky saýlawlarynda ýeňiş gazandy.
ABŞ-da Prezident saýlawlary 5-nji noýabrda geçiriler. 2023-nji ýylyň 25-nji aprelinde demokrat Jozef Baýden ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmaga tagalla etjekdigini mälim etdi. Tramp 2022-nji ýylyň noýabr aýynda saýlaw kampaniýasyna girendigini habar berdi.