Suwuklandyrylan gaz önümçiliginde we eksportynda dünýäniň öňdebaryjy ýurdy bolan Katar bu önümiň önümçilik kuwwatyny 2030-njy ýyla çenli 142 million tonna ýetirmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda bu görkeziji 77 million tonna deň. Ýurduň Energiýa ministri hem-de “QatarEnergy” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Saad ben Şeride el-Kabi ýurtda suwuklandyrylan gazyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagy bilen bagly häzirki wagtda alnyp barylýan taslamalardan başga-da goşmaça ýyllyk 16 million tonnalyk täze taslamanyň durmuşa geçiriljekdigini belledi. Mundan ozal Katar bu görkezijiniň 2027-nji ýyla çenli 126 million tonna ýetiriljekdigini mälim edipdi.
Nebiti eksport edýän arap ýurtlary guramasynyň (OAPEC) maglumatyna görä, Katar geçen ýyl 79,9 million tonna suwuklandyrylan gaz eksport edip, ABŞ-dan we Awstraliýadan soň dünýäde üçünji bolupdy. 2022-nji ýylda bolsa 80,1 million tonna suwuklandyrylan gaz eksport edip dünýäde birinji bolupdy.

Röwşen Saparow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.