Alžirde dünýäniň iň uzyn minaraly metjidi açyldy. Ybadathananyň minarasynyň uzynlygy 265 metre ýetýär. 120 müň orunlyk metjidiň gurluşygy 7 ýylda tamamlanyp, 898 million dollar sarp edildi. Hytaý kompaniýasynyň guran desgasynda bir million kitap ýerleşjek kitaphana hem bar. Desganyň binagärlik taslamasynda alžir medeniýetini emele getirýän arap we Demirgazyk Afrika sebitine degişli bezegler ulanylypdyr.