Hytaýyň “AutoFlight” kompaniýasy şäherara ýolagçy gatnawyny amala aşyrmak üçin işlenip taýýarlanan uçýan ulagyny synagdan geçirdi. Dikligine howa göterilip hem-de gonup bilýän “Prosperity” atly ulag ýurduň Guandun welaýatyndaky Dür derýasynyň iki tarapyndaky Şençžen hem-de Çžuhaý şäherleriniň arasynda ilkinji synag uçuşyny amala aşyrdy.
Uçýan ulag 20 minutda 50 kilometr ýol geçipdir. Bu aralygy awtoulag bilen geçmek üçin köprüden aýlanyp gelmeli bolýar we 3 sagat dowam edýär. Syýahatyň uçýan taksi arkaly amala aşyrylan dünýäniň ilkinji şäherara gatnawydygy mälim edildi. Uçýan taksi synagynyň uçarmansyz hem-de ýolagçysyz amala aşyrylandygy mälim edildi. Guandun welaýatynyň häkimiýetleri geljekde uçýan kiçi göwrümli ulaglaryň hereket etjek 100 sany ugruny kesgitläpdir. Uçuşyň şol ugurlaryň biri arkaly ýerine ýetirilendigi bellenildi. Bäş orunlyk alty perli ulag bir gezekki zarýady bilen 250 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Ulagyň sagatdaky tizligi 200 kilometre ýetýär.
Golaýda Dubaýda hem uçýan taksi hyzmatynyň ýola goýlandygy mälim edilipdi.