Energiýa babatda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Müsür “ýaşyl” wodorod önümçiligini ösdürmek üçin ägirt uly maýa goýum özleşdirer. Soňky aýlarda ýurduň hökümeti daşary ýurtly kompaniýalar bilen bilelikde umumy bahasy 41 milliard dollarlyk şertnama gol çekdi. Ýurduň Meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş ministrligi “ýaşyl” wodorod we gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyna degişli 7 şertnama gol çekilendigini belledi. Ilkinji nobatda ýurduň Seus kanaly ykdysady zolagynda 12 milliard dollarlyk maýa goýum goýlar. Ikinji tapgyrda bolsa, 29 milliard dollarlyk taslama durmuşa geçiriler. Bu taslamalaryň 10 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegine garaşylýar.
Wodorod öndürmek üçin arassa energiýanyň ulanylmagy maksat edinilýär.

Jennet Gurbanowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.