Tymsal
Gadym wagtlarda şäheriň girelgesine golaý ýerde oturan gojanyň ýanyna bir oglan gelip:
– Bu şäherde nähili adamlar ýaşaýarka?! – diýip sorapdyr. Goja ondan:
– Eýsem, seniň ýaşap gaýdan şäheriňde nähili adamlar ýaşaýardy?! – diýip sorapdyr.
– Olar hondanbärsi, erbet adamlardy. Şoň üçinem ol ýerden gaýtmaly boldum.
– Sen bu ýerde hem edil şeýle adamlara gabat gelersiň – diýip, goja jogap beripdir.
Köp wagt geçmänkä, başga bir adam goja şol bir sowal bilen ýüzlenipdir.
Goja oňa şeýle diýipdir:
– Oglum, sen şol ýaşap gaýdan şäheriňdäki adamlaryň nähilidigini aýtsana?
– Olar juda göwnaçyk, myhmansöýer, ýagşyzada adamlardy.
– Sen şeýle adamlary bu ýerden hem taparsyň – diýip, goja jogap beripdir.
Şol ýerde düýelerini suwa ýakyp duran täjir bu gürrüňleri eşidip, ikinji ýolagçy ýola düşen badyna goja ýüzlenip, şeýle diýipdir:
– Sen nädip şol bir soraga bütinleý tapawutly jogap bermegi başardyň?
– Oglum, her bir adam ýüreginde öz dünýäsini göterýär. Gaýdan ýerinden gowulyk tapmadyk adam, bu ýerdenem gowulyk tapyp bilmez. Beýleki şäherde dostlary bolan, bu ýerden hem ynamly, ygtybarly dostlary tapar. Çünki biziň töweregimizdäki adamlar biziň olardan tapýan zadymyza öwrülýärler.