Halkymyzda «Geçen günden ybrat al, geljekden umytly bol» diýen hikmetli söz bar. Diňe şu gün däl, geljegiň aladasyny edýän halk beýikdir. Menzil aýdyň bolanda ýol aşmak has asan bolýar. Muňa durmuş şaýat. Şu jähetden ugur alsaň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy berkarar döwletimiziň uzak geljegi nazarlaýan galkynyşly, ösüşli menzillerini çelgiläp berdi.
«Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda gurmak, döretmek ajaýyp ýyllaryň goýnunda il-ýurt bähbitli beýik işlere ulaşýar. Ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uzak möhletleýin iri maksatnamalar ägirt uly täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, ajaýyp wakalara bagtyýar halkymyz tüýs ýürekden guwanyp ýaşaýar.
Bir akyldaryň: «Gowy adamlar özlerini, güýçli adamlar maşgalalaryny, beýik şahsyýetler bolsa halklaryny bagtly edýärler» diýip belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik tutumly işleriniň netijesinde bu gün agzybir halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Biz muňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň binýadynda hem magat göz ýetirdik.
Jemgyýetimiziň agzybirligi, jebisligi, şeýle-de ähli ulgamlarda joş urýan döredijilikli, öndürijilikli zähmeti Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş beren ajaýyp döwrüniň häsiýetli aýratynlygydyr.
Milli Liderimiziň ynsanperwer taglymaty, dana pähim-paýhasy arkaly has-da berkidilýän, nusgalyk derejä göterilýän şunuň ýaly agzybirligiň, jebisligiň, joşgunly, döredijilikli zähmetiň netijesinde, bereketli türkmen topragynyň çar künjünde geljegi uly bolan, diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, umumadamzat bähbitlerini naýbaşy orunda goýýan, nurana geljegimize gönükdirilen iri möçberli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Muňa döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilmeginiň mysalynda göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, ýaş nesilleriň ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýyşlarynyň giňelmeginde, kämilleşmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýaly wezipeleriň bu maksatnamada esasy orunlaryň hatarynda kesgitlenilmegi ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladanyň bimöçberdigini aýdyň tekrarlaýar.
Ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan şunuň ýaly ägirt uly tutumlar «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyna hemişe berk eýerýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet syýasatynda agzybir türkmen halkynyň abadan, bolelin ýaşaýyş-durmuşynyň, eziz Diýarymyzyň pajarlap ösmeginiň naýbaşy orunda durýandygyny ähli aýdyňlygy bilen görkezýär.
Şu jähetden, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlar bilen baglydyr. Bu gönüden göni olaryň hukuklary, durmuş taýdan goraglylygy we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Bu babatda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ösüp gelýän ýaşlarymyzy goramak, olary goldamak babatda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň meseleleri bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň wagtynyň gelendigini aýtmak bilen, türkmeniň mukaddes maşgala ojagynyň eýesi bolan enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesini belentde tutmak, olar barada döwletiň düýpli aladalaryny, kanuny bähbitlerini goramak ugrunda döredilýän şertleri, maşgalanyň goragyny we bitewüligini, çagalaryň iň gowy bähbitlerini üpjün etmegiň hukuk usullaryny berkitmegiň döwrüň zerur talaplarynyň biri bolup durýandygyna aýratyn ünsi çekdi.
Hawa, amala aşyrylýan işler, olaryň haýsy döwre, haýsy ulgama ýa-da haýsy ugra degişlidigine garamazdan, gönüden-göni ýaşlara, has takygy, nesillere dahyllydyr, olar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi ýaşlar hemişe jemgyýetiň öňdebaryjy işjeň gatlagy, kuwwatly güýji hasaplanýar.
Şeýle işleriň netijesinde, ýurdumyzda ýaşlara mahsus bolan we ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar barada döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyza, halkymyza, ajaýyp milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, halal zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent, maksadaokgunly bagtyýar ýaşlar kemala gelýär.
Türkmen ýaşlary – Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň geljegi. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür.
Hut şol sebäpli hem bu döwrüň gadyr-gymmatyny, bereket hümmetini ýaş nesillere doly hem dogry düşündirmek, olarda beýik Watana bolan söýgini, ene-ata bolan hormaty, nesilleriň öňündäki jogapkärçilik duýgusyny terbiýelemek biziň beýik borjumyz we esasy wezipämizdir! Sebäbi bu beýik işler şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny, abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gujur-gaýrat bilen döredijilikli zähmet çekmek ýaşlaryň Watan öňündäki mukaddes borjudyr.
Umuman, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesini belende götermek, adam hakyndaky aladalar üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň özenini düzýän hem-de bütin dünýäde giňden dabaralandyrylýan türkmeniň milli döwletlilik ýoludyr. Bu ýol – ösüşe we abadançylyga alyp barýan ýoldur. Bu nurana ýolda halkyň abadan durmuşda ýaşamagy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy meseleleriniň biri bolmagy, parahat hem asuda ýurdumyzyň bagtyýarlygyň mekanydygyna güwä geçýär. Haýsy ýurtda adam hakynda alada edilip, halkyň ýaşaýyş-durmuşy baradaky meselesi ilkinji orunda durýan bolsa, onda şol ýurduň ilaty bagtlydyr, bagtyýardyr. Diýmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzda ýaşaýan raýatlar, esasan hem, ýaşlar bagtlydyr. Çünki halkymyzyň, ýaşlaryň Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize bolan çäksiz söýgüsini, buýsanjyny, ýürek joşgunyny biz her ädimde, gazanylýan üstünliklerde görýäris hem duýýarys. Bu işleriň binýadynda bolsa, Watana bolan çäksiz ynam we söýgi bar. Sebäbi, Watany söýmek türkmen halkynyň ýörelgesi. Asyrlaryň jümmüşinden gelýän bu aýdyňlyk hormatly Prezidentimiziň berkarar eden bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň binýadyna, halkyň manyly ýaşaýşyna öwrüldi. Halkymyzyň ykbalyny göteren täze döwürde amala aşyrylýan her bir iş halk bähbidine gönükdirilýär. Onuň möçberi hem gerimi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny görkezýär. Watan söýgüsi zähmet netijeliligi bilen has-da gowulanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň, tutuş türkmen jemgyýetiniň okgunly ösüşini berkarar eden bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni ajaýyp ösüşlere beslenýär.
«Biziň ählimiziň iň esasy maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, mukaddes Watanymyzy beýgeldýän beýik başlangyçlary wagyz etmek, halkymyzy bu işlere ruhlandyrmak borjumyzdyr» diýip, ýurdumyzy agzybirlik, asudalyk, abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin.
Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.