Ýaponiýanyň KRI barlag merkezi bilen «Osaka Gas» kompaniýasy bilelikde elektroulag batareýalarynyň ulanyş möhletini 5 esse artdyrýan tehnologiýany oýlap tapdylar. Häzirki wagtda elektroulaglarda adatça, litiý-ion batareýalary ulanylyp, wagtyň geçmegi bilen zarýad saklaýyş güýji azalýar. Ýapon bilermenleriniň oýlap tapan täze batareýasy 2027-nji ýylda adaty ulaglarda synagdan geçiriler. Göwrümi 30 kWt/sagat bolan täze litiý-ion batareýa elektroulag 800 müň kilometre çenli ýol geçýänçä netijeliligini ýitirmez. Bu görkeziji häzirki wagtda 160 müň kilometr. Soňky ýyllarda elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň önümçiligi we satuwy barha artýar. Maglumatlara görä, 2024-nji ýylda dünýäde öndürilen ulaglaryň dörtden biriniň elektrik energiýaly bolmagyna garaşylýar.
Süleýman REJEPGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.