Birnäçe ýyldan bäri dünýäniň käbir ýurtlarynda hepdede 4 iş güni synagdan geçirilýär. Iş berijileriň we işgärleriň meýletin gatnaşýan bu çäresi pandemiýa döwründe has-da artdy. Bu ugurdaky iň uly synag Beýik Britaniýada geçirilipdi. Barlagyň netijeleri bilen bagly ylmy işiň taýýarlanandygy aýdyldy. Bu düzgüne görä, işgärleriň iş güni we sagady azaldylyp, zähmet haky öňküligine galdyrylýar. Bu ýurtda 2022-nji ýylyň iýun-dekabr aýlarynda geçirilen synaga 61 kompaniýa gatnaşdy. Şeýle hem giň gerimli çärä ýurduň Kembrij uniwersiteti bilen ABŞ-nyň Boston kolleji we Salford uniwersiteti hem gatnaşdy. Synaga gatnaşan kompaniýalaryň 54-siniň (89%) 4 günlük iş düzgünini häzir hem dowam etdirýändigi, 31-siniň (51%) bolsa, bu düzgüni hemişelik ýagdaýa getirmek netijesine gelendigi mälim edildi. Taslamanyň we kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň 55 göterimi 4 günlük iş hepdesiniň oňyn netije berendigini belläpdirler. Şeýle hem kompaniýalaryň 50 göterimi bu düzgüniň işgärleriň işden çykarylmagyny azaldandygyny, 32 göteriminiň işe alyş prosesini gowulandyrandygyny aýtdy. Kompaniýalaryň 82 göterimi bu iş tertibiniň işgärleriň ruhy saglygyna oňyn täsir edendigini belläpdir. Ylmy-barlag baradaky işiň awtory Juliýet Şor 6 aýlyk synag döwründe 4 günlük iş hepdesinden örän gowy netije alnandygyny aýdýar.
Gurbanmämmet AMANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap birleşmesiniň başlygy.