Hytaýyň paýtagty Pekinde panda seýilgähi açylar. Tokaýlyk sebitde guruljak merkezde 50 panda saklanar. Şeýle hem bu ýeriň myhmanlary üçin pandalara bagyşlanan medeni merkez hereket eder. Pandalaryň ýaşamagy üçin niýetlenen seýilgähiň meýdany 133 gektara barabar. Seýilgähiň birinji tapgyry 63 gektardan gowrak meýdany eýelär. Bu ýerde uly pandalar bilen bir hatarda gyzyl panda hem saklanar. Şeýle hem bu ýurda mahsus bolan maýmynlar bolar. Seýilgähde guruljak medeniýet merkezinde myhmanlara endemik jandar bolan pandalar bilen bagly maglumat almaga mümkinçilik dörediler. Pandalar seýrek duş gelýän jandarlar bolup, olaryň ýaşamagy üçin tebigy ýerler köp däl. Ýabany tebigaty goramagyň Bütindünýä gaznasynyň nyşanynda hem bu jandaryň şekili ýerleşdirilen. Şol sebäpli Hytaý bu jandarlaryň goralyp saklanmagyna aýratyn üns berýär. Aýynyň bu görnüşi ýyrtyjydygyna garamazdan, adatça agaç ýapraklary we bambuk bilen iýmitlenýär. Şeýle bolansoň, pandalar günüň köp bölegini iýmitlenip hem-de ýatyp geçirýärler.
Mergen KULMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.