Alymlar emeli aňyň kömegi bilen miladynyň 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy sebäpli agyr zeper ýeten gadymy golýazmalarda 2000-den gowrak harplary kesgitlemegi başardylar. Bu barada “The Guardian” neşiri habar berýär.
Gadymy golýazmalar Rimiň gadymy Gerkulanum şäherinde ýerleşýän we 1800-den gowrak golýazmany öz içine alýan kitaphanada saklanypdyr. Wezuwiý atylanda bu ýer wulkan palçygynyň we külüň aşagynda gömülipdir. Kitaphanadaky köp sanly golýazmalar ýanyp, ýok bolupdyr. Diňe birnäçe ýanan papirus şu güne çenli saklanyp galypdyr we dürli ýurtlaryň hünärmenleri birnäçe ýyl bäri olary okamagyň üstünde işleýärler.
2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Lýuk Farritor we Ýusef Nader golýazmada «melewşe» manysyny berýän «πορφύραc» gadymy grek sözüni tapdylar. Soňra olara kompýuter tomografiýasy arkaly golýazmalaryň sanly şekillerini almak üçin ýörite algoritm döretmäge kömek eden Şilliger hem goşuldy. Emeli aň esasly ulgam alymlara birbada 2 müň harpy ýüze çykarmaga kömek etdi.
Ýazgyda lezzet çeşmeleri barada aýdylýar, awtor olary aýdym-saz we iýmit diýip atlandyrýar. Şeýle hem ol lezzetiň, bollugyň we gorkynyň biri-birine nähili täsir edýändigi barada-da pikirlenýär.
Bristol uniwersitetiniň hormatly professory Robert Fawler teksti öwrenip, resminamanyň awtory epikurly gadymy grek filosofy Filodem bolup biler diýen netijä geldi. «Ähtimal, bu onuň özi. Bu egri ýazuw stili oňa mahsus» diýip, bilermen belledi.