Dünýäniň iň uly awtoulag bazarlarynyň sanawyna nazar aýlanyňda, dünýäniň awtoulag bazarynyň 82,3 göterimini emele getirýän ilkinji 15 ýurduň, 2023-nji ýylda öndürijiligini has-da artdyrandygyna göz ýetirmek bolýar. Geçen ýyl ýeňil ulaglaryň dünýä boýunça satuwy 84,8 million birlik bolup, 2022-nji ýyldakydan 7,3 göterim köpeldi. Hytaý dünýäniň awtoulag bazarynda öňdebaryjy bolmagynda galyp, ýylyň dowamynda 25,1 million awtoulag satdy (+1,2%).
Bu ägirt uly bazar, dünýädäki satuwlaryň 30,2 göterimini emele getirýär. ABŞ 15,4 million awtoulag satyp, ikinji orunda durýar we bu mukdar özüniň taryhy rekordlaryndan has uzakda.
Ýaponiýa ýylyň dowamynda 4,5 million ýeňil awtoulagyny (+13,3%) satyp, üçünji orunda barýar, onuň yz ýanyndan 4,4 million awtoulag (+8,6%) bilen Hindistan üçünji orunda durýar. Bäşinji orunda Ýewropanyň iň uly bazary bolan Germaniýanyň bazary (2,8 million birlik; +7,1%) bar. Ondan soň Latyn Amerikasyndaky iň uly bazar – Braziliýa (2,1 million birlik; +10,3%) gelýär. Ondan soň Fransiýa (2,1 million birlik; +14,2%) we Beýik Britaniýa (1,9 million birlik; +17,2%) gelýär. Dokuzynjy ýerde Koreýa Respublikasy (1,7 million birlik) onunjy orunda bolsa, Italiýa (1,7 million birlik; +18,1%) gelýär.