1-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu maslahaty şu ýylyň 27-28-nji martynda guramak meýilleşdirilýär. Garaşylyşy ýaly, foruma ugurdaş halkara düzümleriň, ýurdumyzyň iri syýahatçylyk guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşarlar. Wekiller üçin Arkadag şäheri, täsin taryhy-medeni ýadygärlikler, muzeýler, umuman, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaklary üçin şertler dörediler. Şeýle hem myhmanlary Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşdyrmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde iş duşuşyklaryny, ylmy-amaly maslahaty, syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekmek dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny nazara alyp, taryhy ýadygärliklerimiz we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Esasy Dünýä täzelikleri “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçiriler