Holann 3,13 million ýewro täze superkar satyn aldy

86

“Mançester Siti” toparynyň ýyldyz hüjümçisi Erling Holann täze super ulag satyn aldy. Norwegiýaly hüjümçi kaşaň “Mercedes AMG One” kysymly ulag üçin 3,13 million ýewro töledi. F-1 ýaryş ulagynyň motory oturdylan “Mercedes AMG One” sagatda 352 kilometr tizlige ýetip bilýär. Agzalan ulagyň dünýäde 275 nusgasy öndürilip, onuň 5 hereketlendirijisi bar. Ulag 200 km/sagat tizlige 7 sekunda, 300 km/sagat tizlige 15,6 sekuntda çykýar.

Mundan öň Holann nemes brendiniň başga görnüşini – “Mercedes AMG GLE” kysymly nusgasyny münýärdi. Onuň bahasy 105 müň ýewro möçberinde hasaplanýar.

Norwegiýaly ýyldyzyň başga-da 350 müň ýewrolyk “Rolls Royce Cullinan”, şol sanda 140 müň ýewrolyk “Audi RS6 Avant” hem-de “Range Rover Sport” kysymly ulaglary hem bar.