1-nji martda Gazagystanyň hemme ýerinde ýeke-täk wagt zolagy (UTC + 5) işläp başlady. “Gazagystan Respublikasynyň çäginde wagty hasaplamagyň tertibi baradaky” degişli karar ýurduň hökümeti tarapyndan kabul edildi.
29-njy fewraldan 1-nji mart aralygynda ýerli wagt bilen 00:00-da Gazagystanyň ähli sebitleri bir wagt zolagyna geçdi. Ýerli wagt Astana, Almaty, Şymkent şäherlerinde, şeýle hem Abaý, Akmola, Almaty, Gündogar Gazagystan, Zambyl, Žetysusk, Karaganda, Kostanaý, Pawlodar, Demirgazyk Gazagystan, Türküstan we Ulytau sebitlerinde bir sagat yza süýşürildi. Şol bir wagtyň özünde öňki wagt Aktobe, Atyrau, Günbatar Gazagystan, Gyzylorda we Mangistau sebitlerinde saklanyp galdy.
Gazagystanyň Ulag ministrliginiň habar berşi ýaly, awiakompaniýalar bilet satuw ulgamlaryna zerur üýtgeşmeler girizdi we ýolagçylara degişli habarnamalary iberdi. “Казакстан темир жолы” kompaniýasy ýolagçy otlusynyň tertibine üýtgetmeler girizdi.
Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýa we howa giňişligi senagaty ministrligi, jübi telefonlarynda we kompýuterlerde wagty üýtgetmek üçin enjam programma üpjünçiligini iň soňky wersiýa täzelemelidigini, şeýle hem sazlamalarda awtomatiki wagt täzelenmegini üpjün etmelidigini belledi.
Ozal Gazagystanda iki wagt zolagy bardy – UTC + 5 we UTC + 6. Ýurduň günbatar sebitlerinden başga ýerleriň köpüsi UTC + 6 zolagyndady. Alymlaryň pikiriçe, UTC + 6 wagt zolagy tebigy gün wagtyna laýyk gelmeýär we adamyň biologik ritmlere we saglygyna ýaramaz täsir edýär.
Hünärmenler şeýle hem bir wagt zolagynyň döredilmegi Respublikanyň dürli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň arasyndaky wagt päsgelçilikleri aradan aýyrar, ulag we beýleki aragatnaşyklary utgaşdyrar we biznesi alyp barmaga, şeýle hem hökümet edaralarynyň we gyssagly kömek gulluklarynyň özara gatnaşyklaryna ýardam berer diýip hasaplaýarlar.