27 ýaşly horwat-italýan türgen zenany Walentina Kafolle suwuň astynda ýüzmek boýunça zenanlaryň arasynda dünýä rekordyny goýdy. Ol munuň üçin Alp daglaryndaky köli saýlady. Türgen demini saklap, buzuň aşagynda monolastly 140 metr ýüzdi. Ýüzüji ilkinji gezek 2017-nji ýylda şeýle usulda 125 metr ýüzüp, Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi. Golaýda ýaponiýaly Ýasuko Odzeki onuň ozalky görkezijisinden bir metr uzaga ýüzüp, rekordy täzeläpdi. Ýöne eýýäm 36 sagatdan soň Kafolle täze rekord goýdy.