Fransiýada 60 ýyldan bäri geçirilýän Pariž halkara oba hojalyk sergisinde agramy 990 kilogram bolan sygyr 17 müň ýewro satyldy. “Akwitaniýa saryýagyzy” tohumyna degişli bolan sygry Korsika adasynyň Porto-Wekkýo şäherinden gatnaşýan gassap satyn aldy. Gassap bu maly et dükanynyň mahabatyny ýetirmek we witrinasyndan görkezip goýmak üçin satyn alypdyr. Sergä gatnaşýan maldarlar bu malyň köp girdeji getirýändigini, etiniň süňkünden has köpdügini belleýärler.
Her ýylda geçirilýän oba hojalyk sergisine ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary hem gatnaşýar.