“Tesla” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask “Roadster” sport ulagynyň geljek ýyl satuwa çykaryljakdygyny mälim etdi. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulagyň iň özüne çekiji aýratynlygy onuň bir sekuntdan hem az wagtda 100 km/sagat tizlige ýetip bilmegidir. Bu bolsa, täze sport eletroulagynyň häzire çenli öndürilen ähli adaty ýangyçly ulaglardan çalt bat aýandygyny aňladýar. Meşhur işewür “Tesla Roadster”-iň dizaýnyny düýbünden üýtgedendiklerini, şular ýaly başga awtoulagyň bolmajakdygyny belledi. Işewür awtoulagyň önümçilik nusgasynyň dizaýnynyň taýýardygyny we şu ýylyň ahyrynda köpçülige tanyşdyryljakdygyny mälim etdi. Onuň sözlerine görä, geljek ýyl ulag sargyt eden müşderilerine ugradylyp başlanar. Ilan Mask täze “Tesla Roadster”-iň hemme taraplaýyn benzin bilen işleýän ähli sport ulaglaryndan ozjakdygyny belledi.
“Tesla Roadster” ilkinji gezek 2006-njy ýylda tanyşdyrylypdy. 2008-2012-nji ýylda öndürilen ulagdan bir sanysy mundan alt ýyl ozal “Falcon 9” raketasy bilen kosmosa uçurylypdy.
Begsoltan Hudaýberdiýewa, Hojambaz etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.