Tutuş dünýäde energiýanyň arassa çeşmelerinden peýdalanyp, hereket edýän ulaglaryň önümçiligine uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda elektrik togy bilen işleýän ulaglar has köp öndürilip başlandy. Elektromobil önümçiligi bilen meşgullanýan ýurtlaryň hataryna Ermenistan hem goşuldy. Ýerewanda geçirilen “DigiTec-2017” 13-nji tehnologiýa sergisinde ermeni inženeri we işewüri Dawid Geworgýanyň işläp düzen sürüjisiz, elektrik togy bilen işleýän ulagy halk köpçüligine görkezildi. Ulag sagatda 90 kilometr tizlige çykýar. Zarýady bilen 40-50 kilometr ýol geçmäge mümkinçiligi bar. Inženerler bu görkezijini 200 kilometre ýetirmegi meýilleşdirýär. Ulagyň zarýad almagy üçin 2-3 sagat gerek bolýar.
Ulagyň käbir şaýlary, hususan-da, batareýasy we hereketlendirijisi daşary ýurtlardan getirildi. Emma onuň togtadyjy hem-de zarýad berýän ulgamy we beýleki şaýlary Ermenistanyň özünde öndürildi. Işewüriň bellemegine görä, onuň bahasy 5 müň dollara deňdir. Geworgýan we onuň topary taslamany maliýeleşdirmegiň üstünde işleýär. Eger gerekli maliýe serişdeleri tapylan halatynda indiki ýyl şeýle ulaglaryň ýene-de birini öndürmek göz öňünde tutulýar.