10-njy martda Portugaliýada nobatdan daşary saýlawlar geçirildi. Bu saýlawlarda ýurduň parlamentiniň (bir palataly) 230 wekili saýlandy. Ilkibaşda ses berişlik 2026-njy ýylda meýilleşdirilipdi. Muňa garamazdan, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Portugaliýanyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza parlamenti ýatyryp, ýurtda möhletinden öň saýlawlary geçirmek baradaky kararyny mälim etdi. Döwlet Baştutany, Premýer-ministr Antoniu Kostanyň işinden çekiljekdigi baradaky niýetini mälim edeninden soň şeýle karara geldi.
Saýlawlara gatnaşyk 2022-nji ýyldaky 51 göterim bilen deňeşdireniňde, 65,4 göterimden geçdi. Saýlaw býulletenleriniň, takmynan, 95 göterimi sanalandan soň, Sosial-demokratik partiýanyň başlygy Luiş Montenegrunyň ýolbaşçylygyndaky merkezi sagçy Demokratik bileleşiginiň öňde barýandygy belli boldy. Bileleşik 29,5 göterim sese eýe boldy. Ondan soň 28,5 göterim bilen Koştanyň Sosialistik partiýasy gelýär. Ondan soň, ses berişligiň netijelerini ep-esli gowulandyran 18,6% bilen aşa sagçy syýasy güýç bolan “Ýeterlik” gelýär.
Portugaliýanyň geljekki Premýer-ministriniň ýeňşiniň tassyklanmagy üçin onuň partiýasynyň parlamentdäki orunlaryň aglaba köplügini eýelemeli. Bu başa barmadyk halatynda, partiýanyň agzalary ýurduň parlamentine giren beýleki syýasy güýçler bilen goldaw barada gepleşik geçirmeli bolar.
Möhletinden öň geçirilýän bu saýlawlar soňky iki ýylda ikinji gezek guralýar. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda hem ses berişlik geçirilipdi. Şol döwürde saýlawlaryň geçirilmegi Respublikanyň mejlisiniň hökümet tarapyndan hödürlenen 2022-nji ýyl üçin býujet taslamasyny goldamaýandygy bilen baglanyşyklydy.