Ýurdumyzda her ýyl Halkara zenanlar güni ýokary derejede hem-de giňden bellenilip geçilýär. Bu baýram maşgala ojagyna wepalylygy bilen jemgyýetiň sazlaşygyny emele getirýän zenanlaryň bahar baýramydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli däp-dessurlara laýyklykda täze many-mazmuna eýe bolup, türkmen jemgyýetinde zenanlara uly sarpa we hormat goýulýandygyny alamatlandyrýan Halkara zenanlar güni zenanlara bolan çäksiz söýgini sungatyň üsti bilen beýan etmek, olaryň gözelligini we ajaýyplygyny wasp etmek üçin şanly senedir. Türkmen nusgawy edebiýaty zenanlara çäksiz söýgä hem-de olara sarpa goýmak duýgularyna beslenendir. Häzirki wagtda tutuş ýurdumyzy ata Watanymyzyň mähriban zenanlarynyň şan-şöhratyna bagyşlanan dabaralar gurşap aldy. Hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli zenanlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak baradaky Buýruga gol çekdi. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeginde pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan «Ýylyň zenany» atly bäsleşik geçirildi. Ol zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, ösüşleriň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak maksady bilen, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän bagtyýar zenanlaryň arasynda yglan edildi.
Ýeňiji bolanlar Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň gymmatbahaly sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglandy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi täzeleniş döwrüniň häzirki döwrebap tapgyrynda zenanlarymyzyň jemgyýetçilik işjeňligini gazanmak babatynda iş alyp barýan esasy guramadyr. 1992-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolup durýar. Bu gurama özüniň düzümine dürli hünärli we dürli ýaşly müňlerçe zenanlary birikdirýär. Ýurdumyzyň bäş welaýatynda, Aşgabat şäherinde, etraplarda we şäherlerde zenanlar guramalary döredildi.
Zenanlar barada alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek bilen bagly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda gender syýasaty babatda anyk wezipeleri durmuşa geçirmäge iňňän jogapkärli çemeleşilýär. Häzirki wagtda türkmen zenanlary döwlet edaralarynyň düzümlerinde – kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda zähmet çekýärler, daşary syýasat işine gatnaşýarlar, telekeçilik bilen meşgullanýarlar, ata Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Şirmyrat ÇARYMOW,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.