ABŞ-nyň Garward uniwersitetiniň bilermenleri düzüminde az uglewod bolan iýmitleniş düzgüniniň etli we gaýtadan işlenen krahmally iýmite garaňda kadaly beden agramyny saklamaga ýardam edýändigini ýüze çykardylar. Mundan ozal pes uglewodly iýmitiň gysga wagtlygyna artykmaç agramy azaltmaga ýardam edýändigi anyklanypdy. Emma bilermenler täze geçirilen barlagyň uzak wagtda hem netijelidigini belleýärler. Barlagyň netijeleri barada «JAMA Network Open» žurnalynda makala çap edildi. Bilermenler 1986-2018-nji ýyllar aralygynda geçirilen, jemi 120 müň adamyň gatnaşan üç barlagyny seljeripdirler. Lukmanlar etden alynýan proteinli we ýagly hem-de ösümlikden alynýan proteinli we ýagly iýmitleniş düzgünini deňeşdirdiler. Netijede, ösümlikden alnan ýokary hilli proteinli we ýagly iýmitiň kadaly agram bilen baglanyşyklydygy anyklandy.
Tyllagözel NURYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.