Ispan alymlarynyň geçiren halkara barlagy ene süýdüniň çagalarda antibiotiklere garşy durnuklylygyň öňüni almakda täze peýdaly tarapyny ýüze çykardy. «Cell Reports Medicine» žurnalynda çap edilen barlaga görä, çagalaryň diňe ene süýdi bilen iýmitlenmegi olaryň içegelerinde antibiotige garşy durnuklylygy döredýän genleriň sanynyň we dürlüliginiň azalmagyna oňyn täsir edýär.
Içegäniň mikrobiotasynyň kemala gelýän ilkinji aýlarynda bu ýagdaýyň ähmiýeti uludyr. Ýokary Ylym-bilim barlaglary geňeşiniň (CSIC) Iýmit önümleri we agrotehnologiýa institutyndan M.Karmen Kolýado bu ugurda alnyp barlan işleriň çagalyk döwründe zyýanly genleriň ýaýramagyny çäklendirmekde netijeli boljakdygyny belledi.
Barlagyň netijelerine görä, ene süýdünde tebigy taýdan bolýan oligosaharidler içegäniň peýdaly bakteriýalary üçin iýmit bolup hyzmat edýär. Çaga tarapyndan göni siňdirilmeýän bu molekulalar ekologiki modulýator hökmünde çykyş edip, antibiotige garşy durnuklylyk genlerini göterýän bakteriýalaryň köpelmegini çäklendirýär.
Walensiýadan we Niderlandlardan bolan çagalaryň gatnaşmagynda geçirilen barlagda iýmitlenme bilen birlikde dogrum usulynyň hem möhüm täsiri bardygy anyklandy. Kesarewo kesimi arkaly doglan çagalar bilen tebigy ýol bilen doglan çagalaryň arasynda genleriň dürlüliginde tapawutlar ýüze çykaryldy.
Kaliforniýa uniwersitetinden Anna Samarramyň belleýşi ýaly, çaganyň ömrüniň ilkinji aýlarynda daşky gurşawyň faktorlary dowamly täsir edýär. Şonuň üçin hem ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek geljekde saglygy goraýyş ulgamynda möhüm ädim bolup durýar.
PDF








