In­jir iý­mit sa­na­wy­na go­şul­ma­ly mi­we­le­riň bi­ridir. Öz­bo­luş­ly ta­ga­ma eýe bolan süýn­mek mi­wä­niň ata Wa­ta­ny Ýa­kyn Gün­do­gar we Or­ta­ýer deň­zi se­bit­le­ri ha­sap­lan­ýar. In­ji­riň ga­ra, gyz­gylt, sa­ry, ýa­şyl we gül­gün reňk­li gör­nüş­le­ri bo­lup, esa­san, ter­li­gi­ne we gu­ra­dy­lan gör­nüş­de iýil­ýär. Şeý­le hem mi­we­den jem we mü­rep­be taý­ýar­la­nyl­ýar. Dün­ýä­de in­ji­riň 750-den gow­rak sor­ty ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Bal­da­gyn­da we ga­by­gyn­da süý­de meň­zeş ak şep­bi­gi bo­lan in­ji­riň et­li bö­le­ginde bir to­par dä­ne­si bol­ýar. Iýe­niň­de gy­jyr-gy­jyr ses ed­ýän bu mi­wä­niň dü­zü­min­de A, B, K wi­ta­min­le­ri, kal­siý, mag­niý, ka­liý, fos­for, de­mir ýa­ly mi­ne­ral­lar, an­ti­ok­si­dant­lar we sü­ýüm sak­lan­ýar.

Im­mu­ni­te­ti ber­kid­ýär. In­jir­de sak­lan­ýan B wi­ta­mi­ni we peý­da­ly mi­ne­ral­lar im­mu­ni­te­ti ber­ki­dip, be­de­niň ke­sel­le­re gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny güýç­len­dir­ýär.
Ýü­rek-da­mar ul­ga­my üçin peý­da­ly. In­jir­de sak­lan­ýan ka­liý ýokary gan ba­sy­şy­ny pe­sel­dip, ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň ka­da­ly iş­le­me­gi­ne kö­mek ed­ýär. Şeý­le hem mi­wä­niň dü­zü­min­dä­ki sü­ýüm ho­les­te­rin mo­le­ku­la­la­ry­na ýa­py­şyp, ola­ryň ga­na siň­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. Bu bol­sa ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň tö­wek­gel­çi­li­gi­ni azald­ýar.
Iý­mit siň­di­ri­şe peý­da­ly. In­ji­riň süýt­li şi­re­sin­de «fi­sin» at­ly fer­ment­ler sak­lan­ýar. Bu te­bi­gy mad­da iý­mit siň­di­ri­şe ýar­dam edip, içga­ta­ma­nyň öňü­ni al­ýar. Şeý­le hem mi­we­dä­ki sü­ýüm aş­ga­zan-içe­ge ul­ga­my­nyň işi­ni ýe­ňil­leş­di­rip, aş­ga­zan ýa­ra­sy­ny hem-de içe­ge so­wuk­la­ma­sy­ny be­jer­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Sa­çy we de­ri­ni gö­zel­leş­dir­ýär. In­jir­dä­ki ka­ro­te­no­id­ler we an­ti­ok­si­da­nt­lar de­ri­ni Gün şöh­le­si­niň zy­ýan­ly tä­si­rin­den go­rap, be­de­niň çe­ýe hem-de ýaş gö­rün­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem sa­çyň düş­me­gi­niň öňü­ni al­ýar.
Böw­rek üçin peý­da­ly. In­jir­dä­ki ka­liý ýü­rek-da­mar ul­ga­my bi­len bir­lik­de böw­rek üçin hem peý­da­ly­dyr. In­jir ar­tyk­maç ga­lyn­dy­la­ry be­den­den çy­kar­ma­ga, böw­re­gi aras­sa­la­ma­ga hem-de gan ba­sy­şy­ny ka­da­ly de­re­je­de sak­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Howp­ly dö­re­me­le­riň öňü­ni al­ýar. In­ji­riň dü­zü­min­de ada­my stres­den we zy­ýan­ly er­kin ra­di­kal­lar­dan go­ra­ýan an­ti­ok­si­dant­lar hem-de fe­nol bir­leş­me­le­ri sak­lan­ýar. Bu mad­da­lar düw­nük ke­se­li­niň döremeginiň öňüni almaga kömek edýär.
Süňk­le­ri ber­kid­ýär. In­jir­dä­ki K wi­ta­mi­ni we kal­siý süňk­le­riň sag­dyn ös­me­gi­ne we ber­ke­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
Ga­naz­ly­gyň öňü­ni al­ýar. In­jir­de gy­zyl gan öý­jük­le­ri­niň ön­dü­ril­me­gi üçin mö­hüm bo­lan de­mir sak­lan­ýar. Ter­li­gi­ne ýa-da gu­ra­dy­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, yzy­gi­der­li in­jir iý­mek ga­naz­ly­gyň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ber­ýär.
Möw­sü­me gö­rä, sag­dyn adam­lar üçin her gün 3-5 sa­ny (100-150 gram) tä­ze in­jir, şeý­le hem 2-3 sa­ny gu­ra­dy­lan in­jir iý­mek ýe­ter­lik­dir. Hü­när­men­ler gu­ra­dy­lan in­ji­ri iý­mez­den ozal 10-15 mi­nut ýy­ly suw­da goý­ma­gy we ýum­şan­dan soň iý­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da in­jir­dä­ki glýu­ko­za­nyň gan­da­ky şe­ke­re tä­sir edi­ji­li­gi­niň pes­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Şol se­bäp­li süý­jü­li dia­be­ti bar bo­lan adam­lar hem tä­ze ýol­nan in­jir­den iýip bi­ler­ler.