Häzirki wagtda elektrik energiýasynyň arassa çeşmelerden alynmagy üçin has köp maýa goýum özleşdirilýär. Gün panelleridir ýel beketleri energiýany tebigata zyýan ýetirmezden öndürmäge mümkinçilik berýär. Emma bu taslamalar gymmat bolup, edilen çykdajyny ödemegi üçin birnäçe ýyl gerek bolýar. Täze geçirilen barlaglaryň netijesinde Gün panelleriniň özüni ödemeginiň bäş ýyldan az wagtda bolup biljekdigi mälim edildi. Portugaliýanyň Lissabon uniwersitetiniň bilermenleri kölegede ýetişýän ekinleri ekmekde ulanylýan usul arkaly Gün panelleri üçin edilen çykdajyny has gysga wagtda yzyna alyp boljakdygyny anykladylar. Gün panelleri oturdylan ýerlere dürli gök-bakja ekinleriniň ekilmegine agrowoltaik ýa-da «Agri-PV» diýilýär. Bu usulda ekin meýdany Gün panelleriniň oturdylmagynda ulanylýar. Şeýle hem aşa yssy ýurtlarda Gün panelleri oturdylan ýerlere ekin ekilip, paneliň kölegesiniň ekini Gün urmagyndan goralýar. Bu bolsa, ekine ýaramsyz bolan ýerden hasyl almaga mümkinçilik berýär.
Kümüş GÜNDOGDYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.