Ýewropanyň halk partiýasy (EPP) Ursula fon der Lýaýeni iýun aýynda Ýewropa parlamentine geçiriljek saýlawlara esasy dalaşgär hökmünde tassyklady. Bu barada “Euronews” habar berdi.
“Biz halk partiýasy, şoňa görä, biz halky gyzyklandyrýan işleri edýäris” – diýip, fon der Lýaýen Buharestde guralan partiýanyň gurultaýynda aýtdy. Ýewropanyň halk partiýasy parlamentdäki orunlaryň köpüsini alsa, Ursula fon der Lýaýeniň ýene bir möhlete Ýewropa Komissiýasynyň başlygy bolup biljekdigi bellenilýär. Ýöne bu wezipe üçin ol saýlawdan öňki ýygnanyşyklarda we beýleki partiýalaryň öňdebaryjy dalaşgärleri bilen telewideniýede geçirilýän çekişmelerde bäsleşmeli bolar.
Onuň gaýtadan saýlanmak baradaky isleginiň 800-e golaý delegatyň, kanun çykaryjylaryň we ÝHP-niň liderleriniň, şol sanda Polşanyň Premýer-ministri Donald Tuskuň we Irlandiýanyň Premýer-ministri Leo Waradkaryň gizlin ses berişligi bilen tassyklanandygy bellenilýär.
“Bu partiýa pikir soralyşyklarda öňdeligi eýeleýär, çaklamalara görä, Ýewropa Parlamentindäki iň uly fraksiýa bolup galar. Bu bolsa, fon der Lýaýeni Ýewropa Komissiýasyna başlygy wezipesine iň öňdebaryjy dalaşgär hökmünde orta çykarýar” diýlip, beýanatda bellenilýär.
Nemes syýasatçysy Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Bileleşiginiň sammitiniň karary bilen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy wezipesini 2019-njy ýylyň 1-nji dekabryndan bäri dowam etdirýär. Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň indiki ygtyýarlyk möhleti 2024-nji ýylyň dekabryndan 2029-njy ýylyň noýabr aýyna çenli dowam eder. Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Komissiýasynyň ilkinji zenan başlygy bolup, Žan Klod Ýunkeriň ornuna geçipdi. Ol Germaniýanyň öňki Kansleri Angela Merkeliň döwründe dürli wezipelerde, şol sanda, goranmak ministri bolup işledi.