Ýaponiýanyň “Suzuki” we “Skydrive” kompaniýalary uçýan awtoulaglaryň önümçiligine başladylar. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi. “SKYDRIVE (SD-05)” atly uçýan ulag Osaka şäherinde guraljak “Expo-2025” sergisinde tanyşdyrylar.
-Biz bu ulagyň önümçiligine çynlakaý taýýarlyk gördük. Biz howa gatnawyna özgerişlik girizmek maksady bilen “Suzuki” kompaniýasy bilen bu ugurdaky tagallalarymyzy birikdirdik – diýip, “Skydrive” kompaniýasynyň başlygy Tomohiro Fukudzawa gürrüň berdi.
Uçýan ulag uçarman bilen birlikde üç adamlykdyr. Ulag 12 elektrik hereketlendiriji bilen abzallaşdryylyp, kese we dik uçmaga ukyplydyr. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 100 kilometr, uçuş uzaklygy 15 kilometre deňdir. “SKYDRIVE (SD-05)” 2026-njy ýyldan başlap, satuwa çykarylar. Munuň üçin ol ýörite synaglardan geçirilip, degişli şahadatnama eýe bolar.