Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli 17 – 19-njy marty aralygynda sergi we maslahat geçirmek göz öňünde tutulýar. Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlarda iş alyp barýan 230-dan gowrak agzasy öz önümlerini hödürlärler, şu döwürde gazanan üstünliklerini görkezerler. Oňa gabatlanyp geçiriljek maslahatda bolsa, telekeçileriň ýeten sepgitleri we olaryň öňünde durýan täze wezipeler, hususan-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” hususy ulgamy ösdürmek babatda kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Bu barada 7-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hasabat berdi.